"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Suratkeş nädip 200 million amerikan dollaryny gazandy?

«Facebook»-yň ilkinji ofisiniň diwarlaryna surat çeken suratkeş zähmet hakyna derek kompaniýanyň aksiýasyny almaga razy boldy. Ol şeýle edenine-de ökünmedi. 2005-nji ýylda Mark Sukerberg suratkeş Dewid Çou «Facebook» kompaniýasynyň ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Palo-Alto şäherindäki ofisine surat çekip bermegini haýyş edip ýüz tutýar. Ol suratkeşe töleg hökmünde 60 müň amerikan dollaryny ýa-da kompaniýanyň aksiýasynyň 0,02 göterimini almagy teklip edýär. Çou teklip edilen aksiýany saýlaýar. Bäş ýyldan soň, suratkeşiň alan aksiýasynyň bahasy 200 million amerikan dollaryndan hem geçýär.

Ösüşiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Mälim bolşy ýaly, her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ýaly möhüm işler üstünlikli amal edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna iş orunlaryny döretmek ýaly işler hem meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetiň ösüşini, şeýle hem halk bähbitli işleri aýdyň beýan edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda halkyň abadançylygynyň bähbidine durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we ykdysadyýetiň durnuklylygyna döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär.

Belent sepgitler — buýsanjymyz

Gahryman Arkadagymyzyň belent sepgitleri nazarlaýan döwlet maksatnamalary bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, ynsanperwer şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek we ony durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde beýan edilýän wezipeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilikli täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň şu ýyl üstünlikli tamamlanmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň iň kämil tehnikalarynyň 112-si doly güýjünde peýdalanylýar. Bu ýerde birnäçe çalşykda dürli kärdäki hünärmenlerimiziň 650-ä golaýy zähmet çekýärler.

Tram­pyň Ne­wa­da şta­tyn­da­ky ýeň­şi

Ne­wa­da şta­tyn­da ge­çi­ri­len içer­ki par­ti­ýa saý­law­la­ryn­da ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ýe­ňiş oňa 26 şta­tyň we­ki­li­ýe­ti­niň gol­da­wy­ny ber­ýär di­ýip, BBC ha­bar ber­ýär. Do­nald Tram­pyň ýe­ke-täk çyn­la­kaý bäs­de­şi ABŞ-nyň BMG-dä­ki öň­ki he­mi­şe­lik il­çi­si Nik­ki Heý­li özü­niň gu­ber­na­tor bo­lan şta­ty Gü­nor­ta Ka­ro­li­na şta­ty­na bil bag­la­ýar. Bu ştat­da 24-nji few­ral­da pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär­ler üçin Res­pub­li­kan par­ti­ýa­nyň içer­ki saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty üstünliklere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň okgunly ösýän halk hojalyk toplumy dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasiýa ösüşine gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ozal hereket edýän ugurlarynyň gerimini giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen uzakmöhletli milli maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa halk hojalyk toplumynyň innowasiýa ösüşi, hususyýetçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artdyrylmagy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornunyň berkidilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň innowasion ösüşi, hususy pudagyň barha giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň özenini tutýar. Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hem-de multimodal ýollarynyň döredilmeginde işjeň syýasata ygrarlylygyny görkezýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň eşretli günlerinde ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag geçelgesine, iri halkara logistika merkezine öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz daşary döwletler bilen özara gatna

Gyzyl deňizdäki ykdysady çökgünlik howa gatnawlaryna gyzyklanmany artdyrýar

Gyzyl deňiz ykdysady çökgünligi sebäpli, üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi kompaniýalary Aziýadan Ýewropa ozalky ugurlaryň ornuny tutup biljek täze ulag ýollaryny gözlemäge mejbur edýär. Deňiz we howa gatnawlarynyň nyrhlaryny yzarlaýan «Xeneta» platformasynyň maglumatlary ýylyň 2-nji senenama hepdesinde Wýetnamdan Ýewropa ýollanylýan howa ýükleriniň mukdarynyň şondan öňki hepdä garanyňda 62% ýokarlanandygyny görkezýär. Munuň özi 2023-nji ýylyň iň ýokary netije bilen jemlenen hepdesinden (oktýabr aýynda bellige alnan hepde) 6%, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikinji hepdesinden bolsa 16% ýokarydyr.

Guwandyryjy görkezijiler

Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýyny guwandyryjy görkezijilere beslediler. On barmagyndan dür dökülýän, çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň yhlasly zähmeti netijesinde, kärhanada geçen aýda 668 müň manatlyga golaý iş edildi. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 148,6 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär. Şanly ýylyň ilkinji aýynda kärhananyň halyçylary sargytlardyr buýurmalar esasynda nepis halydyr halyçalary, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşlerini dokadylar. Milli halyçylyk sungatyny täze many-mazmunda baýlaşdyrmak, gadymy halylaryň ajaýyp görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek babatdaky tagallalara mynasyp goşant goşýan kärhananyň halyçy gelin-gyzlary häzirki günlerde dürli ölçegdäki milli gölli ajaýyp halylary dokamak bilen, iş depginlerini barha batlandyrýarlar.

Ykdysadyýetiň berk binýady

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Giňişleýin mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şular ýaly oýlanyşykly we ölçegli işlenip düzülen maksatnama islendik başlangyjyň üstünlige beslenmeginde ilkinji şertdir. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi hem dogry işlenip düzülen strategik maksatnamalara baglydyr. Belent maksada uzaýan uly ýol hem menzilleri aşylyp, tapgyrma-tapgyr geçilýär. Ykdysadyýetde hem uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň rowaçlyga beslenmegi üçin gysga möhletli maliýe-ykdysady resminamalar işlenip taýýarlanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň

Tohumlyk çigit taýýarlanylýar

Şu günler welaýatymyzda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanylýar. Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem bu işler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Beýleki kärhanalardan tapawutlylykda bu ýerde tohumy daşynyň gabygyndan arassalanylan görnüşde taýýarlaýarlar. Bu çigitler takyk ekijiler üçin niýetlenilendirler. Welaýatymyzda «Monosem», «Gaspardo», «Cansa» kysymly kuwwatly ekijileriň 95-si möwsüme doly derejede taýýar edilip goýuldy. Olaryň ep-esli tohumy tygşytlaýandyklaryny, gowaça gögerip çykanyndan soňky el işleriniň zerurlygyny aradan aýyrýandyklaryny geçen ýyllaryň tejribesi görkezdi. Kärhananyň maliýe we ykdysadyýet boýunça baş hünärmeni Tawus Ymamgulyewanyň aýtmagyna görä, etrabyň «Garabekewül», «Ak gala» we «Lamma» daýhan birleşiklerine degişli ekin meýdanlarynda gowaçanyň tohumlyk çigidi ýörite ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem bu hojalyklardan gelýän hasyl aýratyn işlenilip, gowaça çigitleri tohumlyk üçin niýetlenilýär. Bu işde çalşyk başlyklary Didar Ýalkapowyň, Mergen Aganyýazowyň ýolbaşçylygynda zähmet çekýän hünärmenler has işjeňlik görkezýärler.

Dünýä ýalkym saçýar döwrüň şuglasy

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlaryndan ruhlanýan halkymyz döredijilikli zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýar. 2023-nji ýylyň dowamynda halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylan netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigini, döwrüň şertlerine laýyklykda kämilleşdirilýändigini tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde gurluşyk we senagat toplumyna hem möhüm orun degişlidir. Raýatlar üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hem-de olaryň ýagtylyk, ýylylyk ýaly zerurlyklar bilen bökdençsiz üpjün edilmegi abadan ýaşaýşyň esasy şertleriniň biridir. Bu günki gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde gurlan we gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalar, aýratyn-da, iň döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýän Arkadag şäheriniň açylmagy okgunly ösüşlerimizi Ýer ýüzüne äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlaryň esasynda hem ýurdumyzyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda oňyn görkezijileriň gazanylýandygyna göz ýetirmek mümkin. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşlerini şertlendirýän görkezijiler ýurdumyzda

Geofizikleriň netijeli işleri

Welaýatymyzyň çäklerinde uglewodorod çig mal serişdeleriniň toplanan ýerasty gatlaklaryny ýüze çykarmakda, olaryň senagat taýdan özleşdirilmegi babatda zerur bolan barlag-gözleg işlerini geçirmekde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň zähmet toparynyň öňünde uly wezipeler durýar. Olar şol wezipelere abraý bilen hötde gelmekde mümkinçilikleri netijeli peýdalanýarlar. Ýeri gelende nygtasak, döwlet derejesinde edilýän aladalaryň netijesinde bu ekspedisiýanyň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Kärhananyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan has ygtybarly seýsmiki stansiýalara, kuwwatly ýer sarsdyryjylara, şeýle-de beýleki zerur bolan tehniki enjamlardyr kämil tilsimatlara eýe bolmagy muny doly tassyklaýar. Bu bolsa kärhananyň geofizikleri tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga oňyn itergi berýär. Kämil tehnikalardyr enjamlaryň kömegi arkaly alynýan seýsmiki maglumatlar esasynda ýeriň 6-7 müň metrlik çuňluklaryndaky gatlaklar öwrenilýär. Toplanylan maglumatlar korporasiýanyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýji merkezine ýetirilýär. Şeýlelikde, ahyrky netijeler boýunça jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanylýar. Ýerasty baýlyklary gözlemekde we ýüze çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan bu işleriň aňryçäk takyklygy, dür

Burawlaýjylaryň üstünligi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary häzirki zamanyň iň kämil we ygtybarly buraw desgalaryna başarjaň erk etmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda tutanýerli zähmet çekip, 9 müň 900 metrden gowrak dag jynslaryny gazmagy başardylar. Meýilnama 127 göterim amal edildi. Bu görkezijiniň 8 müň 200 metre golaýy ulanyş maksatly geçilen çuňlukdyr. Burawlaýjylar gürrüňi edilýän döwürde ulanyş maksatly täze guýularyň üçüsini önümçilige tabşyrmagyň hem hötdesinden geldiler.

Nebit önümleriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

Nebit önümleri ýerden gazylyp alnanda, saklanylanda, ugradylanda, gaýtadan işlenilende, olaryň hersi üçin ýangyn howpsuzlygynyň aýry-aýry talaplary bildirilýär. Bu talaplary nebitgaz pudagynyň her bir wekili ýerine ýetirmäge borçludyr. Nebit senagatynyň ähli meýdanlary, guýularyň we ulanyşa beriljek guýularyň meýdançalary, olaryň golaýyndaky binalardyr beýleki gurnamalar hemişe arassa hem-de tertipli saklanmalydyr. Meýdanlara nebitiň, mazudyň hem-de aňsat ot alýan beýleki suwuklyklaryň dökülmegine ýol berilmeli däldir. Ýangyjyň ýa-da aňsat ot alýan suwuklyklaryň dökülen ýerleri suw bilen ýuwulmalydyr hem-de ol ýerlere gury çäge dökülmelidir.

2023-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça deňiz arkaly 5,54 million tonnalyk ýük daşaldy

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag-logistika geçelgesi boýunça ştabyň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýük daşamak meýilnamalaryny göz öňünde tutmak bilen, emele gelen häzirki ýagdaý, şeýle hem Azowo — Gara deňzi basseýni ugry boýunça ulag-logistika geçelgesiniň «ýol kartasyny» täzelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. «Halkara ulag geçelgeleri müdirligi» telekeçilik bolmadyk awtonom guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylda Azowo — Gara deňzi ugry boýunça 207,8 million tonna ýük daşaldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan (194,82 million tonna) 7% köpdür. Iň uly ösüş nebit we nebit önümlerini, şeýle hem däne daşamak boýunça görkezildi. Demir ýoluň ösüşi 1% boldy — 92,44 mln tonna çenli. Ykdysady ösüş ministrligi öz nobatynda Azowo — Gara deňzi basseýnindäki portlarda ýük dolanyşygynyň oksportynyň möçberiniň 2030-njy ýyla çenli näçeräk boljakdygyny çaklady.

Bäsdeşlige ukyply täze önümler

Innowasiýalar, ylym we tehnologiýalar babatda alymlaryň oýlap tapyşlary sazlaşykly ösüşe ymtylýan her bir döwlet üçin wajyp ugur bolmagynda galýar. Ylmy-tehniki gazanylanlar jemgyýetçilik ösüşiniň derwaýys meselelerini çözmegiň hem, sarp edijilik bazaryny bäsdeşlige ukyply harytlar bilen üpjün etmegiň hem ýokary netijeli guraly hökmünde öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, bellenen maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýokary tehnologiýaly pudaklar toplumyny döretmek we ylmy köp talap edýän önümleriň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny berkitmek zerurdyr. Ýaňy-ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda häzirki zaman ylmyna we öňdebaryjy tejribelere daýanylyp, «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň hem-de «SAE 50 API СF — 4» kysymly motor ýagynyň öndürilip başlanmagy bu belent wezipäniň zawodlar toplumynda öz mynasyp çözgüdini tapýandygynyň ýene bir güwäsi boldy. Kärhananyň degişli hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, «Hydro Plus» ýangyjy ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň has sowuk halatlarynda juda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Motor ýagy bolsa awtoulaglardyr gaýry enjamlardaky kuwwatly dizel hereketlendirijileriniň yssy howada kadaly işlemeklerine mümkinçilik berer.

Hytaýda ýurduň geçimişini we geljegini baglanyşdyrýan demir ýol menzili guruldy

Bu taslama MAD Architects gurluşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze ulag merkezi 1907-nji ýylda Hytaýyň Günorta-Gündogarynda gurlan köne Szýasin demir ýol menziliniň keşbi boýunça bina edildi. Kompaniýanyň binagärleri bu demir ýol menziliniň köne foto suratlaryny jikme-jik öwrendiler, saklanyp galan resminamalar bilen tanyşdylar. Taryhyň dowamynda onuň binasynyň durky birnäçe gezek üýtgäpdir.

Belarus Türkmenistana ulag hyzmatlarynyň möçberini 4 esse artdyrdy

Belarusyň ulag we aragatnaşyk ministri Alekseý Lýahnowiç geçen ýylyň netijelerine esaslanyp, Respublikanyň Türkmenistana ulag hyzmatlarynyň eksportyny 3,6 esse artdyryp bilendigini aýtdy. Belarus neşiriniň habar bermegine görä, belarus ulag operatorlary tarapyndan awtoulag arkaly halkara ýük daşamalary mümkin bolan ýurtlaryň sany 14-e ýetdi. Bu maglumatlar Belarus hökümetiniň geçen ýylyň netijeleri baradaky ýygnagyndan soň mälim boldy. Şonda ösüşiň Braziliýa (4,9 esse), Pakistana (4,2 esse), Müsüre (2,5 esse), Hytaýa (2,3 esse) we Indoneziýa (2,2 esse) eksport hyzmatlarynda hem hasaba alnandygy bellendi.

Geofizikleriň işleri ileri

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmenleridir işçileri «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynyň buýurmalary esasynda nebitgaz ýataklaryndaky guýularda geofiziki işleri alyp barýarlar. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli alnyp berilýän täze tehnologiýaly geofiziki enjamlar, ýöriteleşdirilen awtoulaglar, geofiziki kabeller kärhananyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, guýularyň tehniki ýagdaýyna, geologiýasyna gözegçilik etmek işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 26 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Özbegistandan, Pakistandan, Owganystandan, Gruziýadan we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, dizel ýangyjyny, awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 28 million 619 müň 900 amerikan dollaryna deň boldy.