Newada ştatynda geçirilen içerki partiýa saýlawlarynda ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş oňa 26 ştatyň wekiliýetiniň goldawyny berýär diýip, BBC habar berýär.
Donald Trampyň ýeke-täk çynlakaý bäsdeşi ABŞ-nyň BMG-däki öňki hemişelik ilçisi Nikki Heýli özüniň gubernator bolan ştaty Günorta Karolina ştatyna bil baglaýar. Bu ştatda 24-nji fewralda prezidentlige dalaşgärler üçin Respublikan partiýanyň içerki saýlawlary geçiriler.