Guwandyryjy görkezijiler

15 Fewral 2024
807

Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýyny guwandyryjy görkezijilere beslediler. On barmagyndan dür dökülýän, çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň yhlasly zähmeti netijesinde, kärhanada geçen aýda 668 müň manatlyga golaý iş edildi. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 148,6 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.

Şanly ýylyň ilkinji aýynda kärhananyň halyçylary sargytlardyr buýurmalar esasynda nepis halydyr halyçalary, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşlerini dokadylar. Milli halyçylyk sungatyny täze many-mazmunda baýlaşdyrmak, gadymy halylaryň ajaýyp görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek babatdaky tagallalara mynasyp goşant goşýan kärhananyň halyçy gelin-gyzlary häzirki günlerde dürli ölçegdäki milli gölli ajaýyp halylary dokamak bilen, iş depginlerini barha batlandyrýarlar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).