2023-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça deňiz arkaly 5,54 million tonnalyk ýük daşaldy

14 Fewral 2024
606

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag-logistika geçelgesi boýunça ştabyň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýük daşamak meýilnamalaryny göz öňünde tutmak bilen, emele gelen häzirki ýagdaý, şeýle hem Azowo — Gara deňzi basseýni ugry boýunça ulag-logistika geçelgesiniň «ýol kartasyny» täzelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

«Halkara ulag geçelgeleri müdirligi» telekeçilik bolmadyk awtonom guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylda Azowo — Gara deňzi ugry boýunça 207,8 million tonna ýük daşaldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan (194,82 million tonna) 7% köpdür. Iň uly ösüş nebit we nebit önümlerini, şeýle hem däne daşamak boýunça görkezildi. Demir ýoluň ösüşi 1% boldy — 92,44 mln tonna çenli. Ykdysady ösüş ministrligi öz nobatynda Azowo — Gara deňzi basseýnindäki portlarda ýük dolanyşygynyň oksportynyň möçberiniň 2030-njy ýyla çenli näçeräk boljakdygyny çaklady.