Bäsdeşlige ukyply täze önümler

14 Fewral 2024
583

Innowasiýalar, ylym we tehnologiýalar babatda alymlaryň oýlap tapyşlary sazlaşykly ösüşe ymtylýan her bir döwlet üçin wajyp ugur bolmagynda galýar. Ylmy-tehniki gazanylanlar jemgyýetçilik ösüşiniň derwaýys meselelerini çözmegiň hem, sarp edijilik bazaryny bäsdeşlige ukyply harytlar bilen üpjün etmegiň hem ýokary netijeli guraly hökmünde öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisindäki çykyşynda nygtaýşy ýaly, bellenen maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýokary tehnologiýaly pudaklar toplumyny döretmek we ylmy köp talap edýän önümleriň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny berkitmek zerurdyr.

Ýaňy-ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda häzirki zaman ylmyna we öňdebaryjy tejribelere daýanylyp, «Hydro Plus» kysymly dizel ýangyjynyň hem-de «SAE 50 API СF — 4» kysymly motor ýagynyň öndürilip başlanmagy bu belent wezipäniň zawodlar toplumynda öz mynasyp çözgüdini tapýandygynyň ýene bir güwäsi boldy. Kärhananyň degişli hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, «Hydro Plus» ýangyjy ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň has sowuk halatlarynda juda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Motor ýagy bolsa awtoulaglardyr gaýry enjamlardaky kuwwatly dizel hereketlendirijileriniň yssy howada kadaly işlemeklerine mümkinçilik berer.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan».