Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar

16 Fewral 2024
518

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilikli täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň şu ýyl üstünlikli tamamlanmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň iň kämil tehnikalarynyň 112-si doly güýjünde peýdalanylýar. Bu ýerde birnäçe çalşykda dürli kärdäki hünärmenlerimiziň 650-ä golaýy zähmet çekýärler.