Nebit önümleriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünleri

14 Fewral 2024
630

Nebit önümleri ýerden gazylyp alnanda, saklanylanda, ugradylanda, gaýtadan işlenilende, olaryň hersi üçin ýangyn howpsuzlygynyň aýry-aýry talaplary bildirilýär. Bu talaplary nebitgaz pudagynyň her bir wekili ýerine ýetirmäge borçludyr.

Nebit senagatynyň ähli meýdanlary, guýularyň we ulanyşa beriljek guýularyň meýdançalary, olaryň golaýyndaky binalardyr beýleki gurnamalar hemişe arassa hem-de tertipli saklanmalydyr. Meýdanlara nebitiň, mazudyň hem-de aňsat ot alýan beýleki suwuklyklaryň dökülmegine ýol berilmeli däldir. Ýangyjyň ýa-da aňsat ot alýan suwuklyklaryň dökülen ýerleri suw bilen ýuwulmalydyr hem-de ol ýerlere gury çäge dökülmelidir.

Gurbannazar Gurbangeldiýew,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 2-nji ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň 368-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň 1-nji aýratyn nokadynyň müdiri, içerki gullugyň maýory.