Tohumlyk çigit taýýarlanylýar

14 Fewral 2024
551

Şu günler welaýatymyzda hereket edýän pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidi taýýarlanylýar. Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda hem bu işler bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Beýleki kärhanalardan tapawutlylykda bu ýerde tohumy daşynyň gabygyndan arassalanylan görnüşde taýýarlaýarlar. Bu çigitler takyk ekijiler üçin niýetlenilendirler. Welaýatymyzda «Monosem», «Gaspardo», «Cansa» kysymly kuwwatly ekijileriň 95-si möwsüme doly derejede taýýar edilip goýuldy. Olaryň ep-esli tohumy tygşytlaýandyklaryny, gowaça gögerip çykanyndan soňky el işleriniň zerurlygyny aradan aýyrýandyklaryny geçen ýyllaryň tejribesi görkezdi. Kärhananyň maliýe we ykdysadyýet boýunça baş hünärmeni Tawus Ymamgulyewanyň aýtmagyna görä, etrabyň «Garabekewül», «Ak gala» we «Lamma» daýhan birleşiklerine degişli ekin meýdanlarynda gowaçanyň tohumlyk çigidi ýörite ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem bu hojalyklardan gelýän hasyl aýratyn işlenilip, gowaça çigitleri tohumlyk üçin niýetlenilýär. Bu işde çalşyk başlyklary Didar Ýalkapowyň, Mergen Aganyýazowyň ýolbaşçylygynda zähmet çekýän hünärmenler has işjeňlik görkezýärler.

Döwlet JUMADURDYÝEW.