Gyzyl deňizdäki ykdysady çökgünlik howa gatnawlaryna gyzyklanmany artdyrýar

15 Fewral 2024
788

Gyzyl deňiz ykdysady çökgünligi sebäpli, üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi kompaniýalary Aziýadan Ýewropa ozalky ugurlaryň ornuny tutup biljek täze ulag ýollaryny gözlemäge mejbur edýär.

Deňiz we howa gatnawlarynyň nyrhlaryny yzarlaýan «Xeneta» platformasynyň maglumatlary ýylyň 2-nji senenama hepdesinde Wýetnamdan Ýewropa ýollanylýan howa ýükleriniň mukdarynyň şondan öňki hepdä garanyňda 62% ýokarlanandygyny görkezýär. Munuň özi 2023-nji ýylyň iň ýokary netije bilen jemlenen hepdesinden (oktýabr aýynda bellige alnan hepde) 6%, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ikinji hepdesinden bolsa 16% ýokarydyr.