Geofizikleriň netijeli işleri

14 Fewral 2024
551

Welaýatymyzyň çäklerinde uglewodorod çig mal serişdeleriniň toplanan ýerasty gatlaklaryny ýüze çykarmakda, olaryň senagat taýdan özleşdirilmegi babatda zerur bolan barlag-gözleg işlerini geçirmekde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň zähmet toparynyň öňünde uly wezipeler durýar. Olar şol wezipelere abraý bilen hötde gelmekde mümkinçilikleri netijeli peýdalanýarlar.

Ýeri gelende nygtasak, döwlet derejesinde edilýän aladalaryň netijesinde bu ekspedisiýanyň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Kärhananyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan has ygtybarly seýsmiki stansiýalara, kuwwatly ýer sarsdyryjylara, şeýle-de beýleki zerur bolan tehniki enjamlardyr kämil tilsimatlara eýe bolmagy muny doly tassyklaýar. Bu bolsa kärhananyň geofizikleri tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga oňyn itergi berýär. Kämil tehnikalardyr enjamlaryň kömegi arkaly alynýan seýsmiki maglumatlar esasynda ýeriň 6-7 müň metrlik çuňluklaryndaky gatlaklar öwrenilýär. Toplanylan maglumatlar korporasiýanyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýji merkezine ýetirilýär. Şeýlelikde, ahyrky netijeler boýunça jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanylýar. Ýerasty baýlyklary gözlemekde we ýüze çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan bu işleriň aňryçäk takyklygy, dürslügi talap edýändigini nygtamak gerek.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».