Körpeleriň zybanynda Watan waspy

22 Iýul 2024
169

Tejen etrabynyň 30-njy çagalar bagynda «Watany wasp edýär çaga ýüregim» ady bilen bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de agzalan çagalar bagynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň bileikde guramagynda bolan bäsleşige ruhubelent körpeler gatnaşdy.

Bagtyýar çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesil hakda edilýän aladalardan, hormatly Prezidentimiziň çagalaryň eşretli, bolelin durmuşyň hözirini görüp erkanalykda ýaşamagy ugrunda döredýän giň mümkinçiliklerden ugur alyp, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olaryň sungata söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň gyzykly boldy.

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň sanly ulgam boýuça esasy hünärmeni.