Baş terbiýeçi Şamyrat Baýhanow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:
— Çaga kalby mydama üýtgeşik zatlaryň arzuwynda. Olar tomus paslynda gyzykly dynç alşy küýseýär. Bu ýerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw-önümçilik tejribeligini geçýän talyplary bilen birlikde, terbiýeçi-mugallymlarymyz çagalaryň wagtlarynyň täsirli geçmegi üçin ýörite meýilnama esasynda iş alyp barýar. Meselem, gyzjagazlar el işlerini, ýagny matalary kesmegiň we tikmegiň tärlerini öwrenýärler. Oglanlaryň köpüsiniň wagty futbol meýdançasynda geçýär.