Şükranalyk näme? (Durmuş we biz)

15 Iýul 2024
291

Belki, men bu sowala has giňişleýin jogabam tapybilmen ýa-da uly iliň bilýäninden artyk zat aýdybam. Ýöne şonda-da, bilemok, ýatlatma bolsun diýipmi ýa iç-içimden ýene bir gezek şükür edesim gelipmi, garaz, galamy hut şu tema boýunça elime alasym geleni-hä çyn. Ýogsa-da, şükür näme? Nämeden her kimiň diline sena ol söz? Iň bärkisi, birinden: «Gowumy ýagdaýlaryň?» diýlip soralanda-da: «Hudaýa şükür, özüňiz neneň?» diýen jogaby eşidýäň. Şonda iki ynsanyň arasyna nähilidir bir göze görünmeýän mähribanlyk aralaşýar. Şeýdibem gep-üýnüň alşyp gidiberýär.

Käte düşen ýagdaýymyzdan nägile bolup, zeýrenibermämiz bar. Şol halat diňeje başa gelen şol dert hakynda pikirlenemizsoň, Ýaradanyň eçilen galan gowulyklary ýadymyzdan çykýar. Özem dargursak bolan çagyň başyňa gelýär bu iş. Soň uly ýoly söküp barşyňa, töweregiňe nazar aýlaýaň. Janyňa jaý gözleýäň. Şonda kimi görüp, pikir etmelileriň, kimi görüp, şükür etmelileriň deňinden geçýäň. Gulagyňda bolsa ulularyň: «Bu dünýä her kim bir synag üçin ugradylýandyr, ogul! Kim baýlyk bilen, kim ýokluk bilen, kim hassalyk, kimi ýalňyzlyk, kimi edeni ugrunalyk... bilen synalýandyr. Onsoň «men baý» diýip, gaňňaňy garnyňa alyberseň ýa «men ýoksul» diýip, şükür etmegiňi goýuberseň, bolmaz-a. Bu bir çarhypelekdir. Munda gowulykdan başga zat bilen yz goýup bolýan däldir!» diýýän sözleri ýaňlanýar.

Söhbet HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.