Täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyklar

10 Iýul 2024
302

Täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlykly barmak bilim işgärleri üçin öňde duran esasy wezipeleriň biridir. Şundan ugur alýan Bäherden etrabynyň bilim işgärleri öňdäki okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde mekdeplerde abatlaýyş işlerini göwnejaý alyp barýarlar. Ýeňil abatlaýyş işlerini irki möhletde tamamlan mekdepler hem az däl. Degişli derslere we synplara niýetlenen otaglary döwrebap esbaplar bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Birinji synpa okuwa barjak 6 ýaşly çagalary hasaba almak, bilim işgärleriniň awgust maslahatyna taýýarlyk görmek işleri hem ünsden düşürilmeýär. Häzirki taýýarlyk işleri etrabymyzda täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ýokary derejede garşylanjakdygyna ynamy artdyrýar. Nesip bolsa, gürrüňi edilýän okuw ýylynda bagtdan paýly çagalaryň ýüzlerçesi ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek gadam basar.

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.