Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

26 Iýun 2024
256

Her bir güni ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik maksatly tutumlar üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de ýurdumyzyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň kanuny taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak işlerine uly üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze kanunlar kabul edilip, hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri kämil hem mizemez hukuk binýadyna esaslanýar. Milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döwletimiziň demokratik, hukuk  binýadyny has-da pugtalandyrýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň has döwrebap derejede goralmagyny üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti uludyr. Halkymyzyň goraglylygyny kepillendirýän täze kanunlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalaryna halk bähbitli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň aýdyň dabaralanmasydyr. Milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, döwrüň talaplaryndan ugur alýan kanunlary kabul etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Döwletdurdy HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenbaşy şäher kazyýeti,kazynyň kömekçisi.