Ruhubelentlige beslenen dabara

17 Iýun 2024
293

Eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Köýten obasynda etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy boldy. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, körpeje çagalar hem-de köp sanly oba ýaşaýjylary gatnaşdy.

Dabaranyň geçirilen ýerinde saçaklar giňden ýazylyp, gazanlar ataryldy. Bu ýere ýygnananlara milli tagamlarymyz hödür edildi. Bagşy-sazandalar ajaýyp aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda hoşniýetliligiň, päkýürekliligiň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde geçirmäge ähli mümkinçilikleri döreden, ruhy-medeni däplerimize ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Akmuhammet KURBANOW,
TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesiniň başlygy.