"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arzuwlaryň wysaly

Şu ýyl welaýatymyzyň ýaşlarynyň müňlerçesi bosagada duran okuw ýylynda talyplyk bagtyna eýe boldular. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, bilimler dünýäsine ynam bilen gadam goýan ýaşlaryň kalby buýsançdan doldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyplyk bagtyna eýe bolan şol ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Baýrammyrat TAGANOW,

Belent ynama ygrarly nesil

Häzirki döwürde ýaş nesle bilim we terbiýe berlişini hil taýdan ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde berilýän üns has-da artýar. Şonuň netijesinde her bir mugallym-hünärmeniň okuw-terbiýeçilik işini guramak boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin iş tejribesine ornaşdyrylýan täze usullaryň gerimi barha artýar. Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin maksatnamalaýyn işleri amal edýärler. Daşoguz şäherinde ýerleşýän iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň tejribeli mugallymlarynyň gujur-gaýratlaryny gaýgyrman çeken zähmetleriniň netijeleri, mekdepde bilim alýan ýaş nesliň dürli bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri, geçen okuw ýylynyň dowamynda mekdebiň okuwçylarynyň dürli derejedäki bäsleşiklere we olimpiadalara gatnaşyp, has oňat netijeleri görkezmekleri olaryň  yhlasynyň ýerine düşendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Mekdebimiziň okuwçylary geçen okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 32 orna, welaýat tapgyrynda 50 orna, döwlet tapgyrynda 16 orna, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 5 orna, welaýat tapgyrynda 4 orna, döwlet tapgyrynda 2 orna, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly robot-taslama bäsleşiginiň şäher tapgyrynda 2 orna, welaýat tapgyrynda 2 orna mynasyp boldular.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Gurluşyk babatynda amala aşyrylýan bimöçber giň gerimli syýasatyň ygtybarly, berk binýady gurlan binalaryň we desgalaryň uzak möhlete hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biläýjek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak has wajypdyr. «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin tüýs ýürekden buýsanýaryn. Nesip bolsa, institutyň häzirki zaman we döwrebap binalarynda, multimedia okuw otaglarynda Raýat goranyşyň ulgamynda geçiriljek okuw sapaklaryny ýokary derejede özleşdirip, Raýat goranyşyň inçe tärlerini ele aljakdygymyzy ynandyrýaryn. Eziz Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna we raýatlarymyzyň howpsuzlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdirler. Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli durmuşa geçirýän işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şunuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunmagy, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde amal edilýän beýik işleriň netijeleridir. Ylym-bilim — her bir döwletiň geljekki ösüşleriniň kepili bolup hyzmat edýär. Ýaş nesil baradaky edilýän alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Beýik işleriň binýady

Bilimler we talyp ýaşlar gününe Berkarar döwletimizde ýaş nesle halkara derejede bilim-terbiýe bermek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, döwrebap usullary tejribä ornaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ulgamy ýokary derejede ösdürmek esasynda ýurdumyzyň öňdebaryjy döwletleriň hataryndaky ornuny pugtalandyrmak öňde durýan esasy maksatlaryň biridir.

Buýsanjymyň çägi ýok

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda maňa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar talyby bolmak bagty miýesser etdi. Kalbymda besläp ýören arzuwyma ýetenim üçin begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň ýurdumyzy ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidiklerini nygtap, olaryň mümkinçilikleriniň açylmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip berýär.

Arzyly arzuwym hasyl boldy

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn uly üns berýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi hem ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan zamanasy. Maňa hem şu ýyl talyp bolmak bagty miýesser etdi. Öz saýlap alan ugrum boýunça yhlas bilen okap, ilhalar lukmanlaryň biri bolup ýetişmegi maksat edinýärin. Şöhrat-şany dünýä dolýan döwletimiziň raýaty bolup ýaşamagyň, okamagyň özi — bagtlylykdan nyşan.

Biz — bagtly ýaşlar

Orta mekdebi tamamlanymdan soňra ýokary okuw mekdebinde bilim almagy çagalygymdan bäri arzuw edýärdim. Ynha-da, arzuwym wysalyna gowşup, ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar talyp boldum. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş zehinleriň öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde geçirilýän bäsleşiklere, halkara olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu bizi döredijilikde, ylymda-bilimde täze maksatlara ruhlandyrýar. Ynam bar ýerinde ýeňiş bar. Muňa men öz durmuşymda-da göz ýetirdim.

Mynasyp goşandymy goşaryn

Ösüşlere beslenýän döwrümizde esasy arzuwymyň hasyl bolandygy — talyp bolmak bagtynyň miýesser edendigi üçin göwün guşum ganatlanyp, başym göge ýetdi. Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilen döwründe talyp bolmak — bagtlylygyň alamaty. Bagtyýar ýaşlaryň hatarynda men hem orta mekdepde okaýan döwrümde sapaklarymy özleşdirmekde, hemişe ökde okuwçylaryň hatarynda bolmakda yhlas-başarnygymy gaýgyrmadym. Ylmy we çeper edebiýatlary yzygiderli okadym. Bu bolsa bilimimiň has-da çuňlaşmagyna ýardam berdi. Okap, öwrenip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy bagtyýar talyp hökmünde esasy maksadym hasaplaýaryn. Okamak, öwrenmek bolsa öz saýlap alan ugruň boýunça ökde hünärmen bolup ýetişmekde esasy şertdir.

Bilim dünýäsi bagta atarýar

Şahyryň «Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak» diýen setirlerini ýadymyza salýan tylla güýz bosagamyzda dur. Bu pasyl özi bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem alyp gelýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklary ýene sanlyja günden ýaş nesillere gapylaryny giňden açarlar. Kalplary bilime teşne çagalar ak mekdepleriň gujagyna dolarlar. Ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirilmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi, orta mekdepleriň multimediýa enjamlary bilen üpjün edilmegi, bilim bermegiň döwrebap usullaryndan peýdalanylmagy ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi ugrundaky aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Bilimler we Talyp ýaşlar gününe

Ýurduň ösüşi sowatly ýaşlaryň goşandynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüş-özgerişleri has-da ilerleýär. Bilim, ylym ulgamyndaky öňegidişlikler diňe bir bu ugurda döredijilikli zähmet çekýänleri däl, eýsem yhlasly okaýan mekdep okuwçylaryny-da, terbiýeçilerdir mugallymlary-da, ata-eneleri-de tüýs ýürekden guwandyrýar.

Arkadag şäherinde Robototehnika bilim merkezi açylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.

Kämil bilim — röwşen geljegiň binýady

Bilim ösüşiň binýadyny emele getirýär. Bilimli we kesp-kärli ýaşlar bolsa geljegimizi gurujylardyr. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklary üçin 2024-2025-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda hem Mary welaýatynyň bilim edaralarynda alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir. 2023-2024-nji okuw ýylynda welaýatyň çäginde hereket edýän 398 sany orta mekdepde, 4 sany kömekçi mekdep-internatda, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda 379 müň 232 okuwçy bilim we terbiýe aldy, çagalar baglarynyň 196-synda 37 müň 805 çaga terbiýelendi. Welaýatdaky orta mekdepleri tamamlan uçurymlaryň 19 müň 689-syna umumy orta bilim hakyndaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bilim edaralarynda mugallymlaryň 21 müň 299-sy, terbiýeçileriň 3 müň 385-si zähmet çekdi.

Ylymlar dünýäsine ak ýol!

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 2-nji sentýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze okuw ýyly başlanar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda täze gurlup, ulanylmaga berlen orta we ýörite orta hünär okuw mekdepleri ilkinji gezek bagtyýar çagalarymyzdyr ýaşlarymyza gapylaryny giňden açar. Şol gün ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýyly başlanar. Ata Watanymyzda uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän şeýle şatlykly günlerde biz hem kalplary guwançdan, buýsançdan doly, ýokary okuw mekdebiniň talyby diýen ada mynasyp bolan ýaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Soltanmyrat AGAJANOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Eziz Watanymyzyň her bir güni il-ýurt bähbitli ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Ynha, sanlyja günden 2024 — 2025-nji täze okuw ýyly başlanar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar güni belleniler. Bularyň ählisi ýurdumyzda ylym-bilime, bilimli ýaşlara uly üns berilýändigini, röwşen geljegimiz hakynda alada edilýändigini aýdyň beýan edýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ylymly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyzda gurulýan orta mekdeplerdir beýleki bilim edaralary häzirki zaman enjamlary, multimedia tilsimatlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylym-bilimi ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Pederlerimiz ylymly-bilimli bolmak barada ençeme nakyllary döredipdirler, ylym-bilimiň ynsan durmuşynda örän wajypdygyny aýdyp geçipdirler. Ata-babalarymyzyň ylymly-bilimli bolmak baradaky ýol-ýörelgelerinden ugur almak bilen, häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlara bilim öwretmekde iň döwrebap ugurlar özleşdirilýär. Şunda bilim öwretmegiň, okatmagyň we ýaşlary ylmy işlere ugrukdyrmagyň täze usullary ýola g

Döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Her ýyl ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bu dabara mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.

2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriler

Milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim berilmeginiň we maglumat alyşmagyň ýola goýulmalydygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň milli we dünýäniň oňyn tejribeleri esasynda kämilleşdirilmelidigi bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde üstünlikli işler alnyp barylýar. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde ata Watanymyza, merdana halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de

Bagtyýar ýaşlar ylym-bilim dünýäsinde

Selbi BABAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby: — 2024-nji ýyl meniň üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ýüregimde beslän arzuwym hasyl boldy, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma men örän begenýärin. Şeýle bagta mynasyp bolan talyp deň-duşlarymyň hem buýsançlarynyň çägi ýok. Ýaş kalbymyzda beslän arzuwlarymyzyň iň esasysy hasyl boldy. Bu ýaşlar üçin uly bagt. Biz her bir ädimde Gahryman Arkadagymyzyň,

Döwrebap bilim özgertmeleri

Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähimi häzirki döwürde has-da uly ähmiýete eýedir. Bu paýhasda ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy esaslandyrmalary täze mazmun bilen barha baýlaşdyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmakda mugallymlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Ata-babalarymyzyň geçmişde bitiren beýik işleri bilen dünýä ýüzünde öçmejek yz galdyran bilimli, ylymly adamlar bolandygy aýdyň hakykatdyr. Birnäçe beýik alymlaryň, akyldarlaryň we danalaryň, pelsepeçileriň türkmen topragynda çeken zähmeti, amala aşyran ähmiýetli işleri diňe bir türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine goşant bolup durýar.

Bilim ojaklary çagalara garaşýar

Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzyň mekdeplerinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji jaňy kakylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky bu waka ýaş nesilleriň we bilim işgärleriniň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şol şatlykly günde 6 ýaşly bagtyýar çagalaryň müňlerçesi ilkinji gezek ak mekdeplere gadam basar. Munuň özi hemmeleriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşar. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanýan, täze okuw ýylynyň başlanmagynyň şanyna ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýatda galyjy bolmagy üçin Gökdepe etrabynda hem ähli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ýeňil abatlaýyş işlerinden soňra has görkana keşbe beslenen, döwrebap okuw-tehniki enjamlary, okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edilen mekdeplerde bagtyýar çagalary garşylamak we täze okuw ýylyna täze güýç bilen guramaçylykly başlamak ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutuldy. Olarda ýaşlar halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetler esasynda bilim-terbiýe alar.