Kämil bilim — röwşen geljegiň binýady

28 Awgust 2024
101

Bilim ösüşiň binýadyny emele getirýär. Bilimli we kesp-kärli ýaşlar bolsa geljegimizi gurujylardyr. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklary üçin 2024-2025-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda hem Mary welaýatynyň bilim edaralarynda alnyp barylýan işler aýratyn bellärliklidir.

2023-2024-nji okuw ýylynda welaýatyň çäginde hereket edýän 398 sany orta mekdepde, 4 sany kömekçi mekdep-internatda, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda 379 müň 232 okuwçy bilim we terbiýe aldy, çagalar baglarynyň 196-synda 37 müň 805 çaga terbiýelendi. Welaýatdaky orta mekdepleri tamamlan uçurymlaryň 19 müň 689-syna umumy orta bilim hakyndaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bilim edaralarynda mugallymlaryň 21 müň 299-sy, terbiýeçileriň 3 müň 385-si zähmet çekdi.

Atageldi ANNASEÝIDOW,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar