Döwrebap bilim özgertmeleri

27 Awgust 2024
234

Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähimi häzirki döwürde has-da uly ähmiýete eýedir. Bu paýhasda ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy esaslandyrmalary täze mazmun bilen barha baýlaşdyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmakda mugallymlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Ata-babalarymyzyň geçmişde bitiren beýik işleri bilen dünýä ýüzünde öçmejek yz galdyran bilimli, ylymly adamlar bolandygy aýdyň hakykatdyr.

Birnäçe beýik alymlaryň, akyldarlaryň we danalaryň, pelsepeçileriň türkmen topragynda çeken zähmeti, amala aşyran ähmiýetli işleri diňe bir türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine goşant bolup durýar.

Şeker ARAZBERDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar