Bilim dünýäsi bagta atarýar

28 Awgust 2024
79

Şahyryň «Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak» diýen setirlerini ýadymyza salýan tylla güýz bosagamyzda dur. Bu pasyl özi bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününi hem alyp gelýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklary ýene sanlyja günden ýaş nesillere gapylaryny giňden açarlar. Kalplary bilime teşne çagalar ak mekdepleriň gujagyna dolarlar.

Ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirilmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi, orta mekdepleriň multimediýa enjamlary bilen üpjün edilmegi, bilim bermegiň döwrebap usullaryndan peýdalanylmagy ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi ugrundaky aladalaryň aýdyň nyşanydyr.

Jennet ORAZOWA.
Beýleki habarlar