"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça yglan edilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Milli bilim institutynda onlaýn usulda guralan bäsleşige Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary öz taýýarlan işleri bilen gatnaşdylar. Üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň maksady okuwçylary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olaryň döredijilik başarnyklaryny, bäsleşige ukyplylyk endiklerini ösdürmekden, ylmy işler bilen meşgullanmaga çekmekden we wajyp meseleleri çözmegiň täze usullaryny ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Jemleýji tapgyra mekdep okuwçylary ylmy-gözleg, taslama, täzeçillik we oýlap tapyjylyk hem-de tehniki döredijilikde konstruktorçylyk, modelirleme we maket taýýarlamak boýunça başarnyklaryny açyp görkezýän, sanly tehnologiýalara esaslanýan işleriniň 60-dan gowragy bilen gatnaşdylar. Hödürlenen işler wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeçilligi, amaly gymmatlygy, durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçiligi, hiliniň we beýan edilişiniň görkezijileri boýunça bahalandyryldy.

Beýik ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly hem aýgytly gadam urmaga borçly edýär. Munuň özi bolsa ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Milli Liderimiz ýokary taýýarlykly, öz işine durky-düýrmegi bilen berlen kämil hünärmenleri ýetişdirmek babatdaky tagallalaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyna ýygy-ýygydan ünsi çekýär. Hormatly Prezidentimiz fewral aýynyň 11-ine geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar. Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar» diýip, eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljeginiň, beýik ösüşleriniň ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna baglydygyny belledi. Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Ylym umumadamzat jemgyýetiniň ösüşinde ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Ylym, medeniýet, sungat dürli taraplardan çäklendirilmeýän ösüş hasaplanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň köp döwle

Kitap — ylmyň açary

Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan güneşli Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler kalplary buýsanja besleýär. Ajaýyp zamanamyzda ynsanyň köňül nagşy, medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa hasam artýar. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim derejesini, dünýägaraýşyny giňeltmek, kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen kitaphanalaryň kitap gaznasy baýlaşýar. Şoňa görä-de, kitaphanalar halkymyzyň maddy we ruhy durmuşyny açyp görkezýän aýna hökmünde ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýär. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaphanalaryň döredilmegi, internet ulgamynyň elýeterli bolmagy netijesinde dünýä ylmynyň gazananlary, halkymyzyň pähim-paýhasy, asyrlar boýy döreden ruhy gymmatlyklary, genji-hazynasy bilen tanyşmaga täze mümkinçilikler emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine şert döredýär.

Ylym üstünlikleriň açarydyr

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) Himiýa institutynyň işgärleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu organiki däl birleşme senagat önümçiliginde, hususan-da, sowadyş ulgamyny — sowadyjy diňleri we suw bilen üpjün edýän geçirijileri poslamadan goraýan reagent hökmünde giňden ulanylýar. Kalsiý nitraty oba hojalygynda azot dökünleri hökmünde ulanylyp bilner. Daşary ýurtly alyjylarda şu maksatlar üçin her ýyl diňe Gyýanly polimer zawodyndan ýüz tonnadan gowrak kalsiý nitratyny satyn alýarlar.

Türkmenistanda azyk senagatynda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler. Bu iş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwletimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu strategiýa ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna, türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamynda halkara ölçegleri üpjün etmäge, epidemiologik gözegçiligi güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Çuň guýular üçin gazlift klapany

Bilermenleriň tassyklamaklaryna görä, gyzylreňk çökündiniň aşagynda köp mukdarda uglewodorod serişdeleri bar. Onuň şeýledigini Uzynada käninde 6500 — 7000 metr çuňluga gazylan birnäçe guýular doly subut etdi. Olardan gaz we kondensat öz akymyna çüwdürim görnüşinde çykýar. Wagtyň geçmegi bilen gatlaklaryň güýji peselip, önümiň çüwdürilip çykmagy kesilýär. Häzirki döwürde ulanylýan mehaniki usullary görkezilen çuňlukda gazylan guýularda ulanmak mümkin däl. Geljekde ýüze çykjak şeýle kynçylygy çözmekligiň aladasy şu günlerden edilýär. Guýular çüwdürim kadasy bilen işlemek döwrüni geçirensoň, mehaniki usul ulanylyp başlanýar. Olara gazlift usuly, ştangaly nasos, çuňluga goýberilýän elektrik hereketlendirijili dürli görnüşli nasoslar degişlidir. Bu usullaryň ulanyş çäkleri 4000 metr çuňlukdan geçmeýär. Ştangaly nasosyň ulanyş çuňlugy 2500 metr, guýynyň içindäki önüme çümdürilýän nasoslary 4000 metr çuňluga çenli ulanýarlar. Gazlift usulynyň ulanyş çägi 3500 metr töweregidir. Şeýle çäklendirmeleriň sebäpleri her usul üçin aýratyndyr. Ştangaly nasoslaryň göterijisi bolup durýan uzyn ştanga uly agram düşüp ýolunýar, guýynyň gyşarmasy her 10 metr çuňlukda 1o burçdan artyk bolmaly däl. Şeýle göni guýyny gazmak örän kyn. Elektrik hereketlendirijili çuňluk nasoslaryň kabelleri 3500 metr çuňlukdan aşak goýberilende, gysga wagtda hatardan çykýar, sebäbi onuň örtüginiň düzümine guýy ön

Ylym — paýhasyň, ösüşleriň açary

Dünýäde ylym we tehnika örän tizlik bilen ösýär. Bilim, ylym babatynda gazanylýan üstünlikler halklaryň, ýurtlaryň dostana hem-de birek-birege ynanyşmak arkaly ýeten belent derejeleriniň aýdyň görkezijileridir. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň birek-birege hormat goýmagyna esaslanýar. Umumadamzat we milli gymmatlyklar esasynda şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ýurdumyzda ykdysady, durmuş, kanunçylyk şertleri yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny belleýär. Milli Liderimiz täze tehnologiýalary döretmekde, önümçiligi ösdürmekde hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ylymda, bilimde, sportda öňdebaryjy ösüşi gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýjüni raýatynyň aň-bilim derejesiniň ösüşinde görýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň gerekli maglumatlary alyp, peýdalanyp bilmegi üçin internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli, ukyply ýaşlar tejribeli alym-professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şer

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, näme üçin uçarlar, köplenç, ak reňkde bolýarlar? — Synlaýan bolsaňyz, uçarlaryň, esasan, ak reňkde bolýandygyna üns berensiňiz. Uçarlaryň ak reňkde bolmagynyň birnäçe sebäpleri bardyr.

Magtymguly we dünýä ylmy

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öz ady hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän Magtymguly Pyragynyň mertebesi müdimidir. Hut şonuň üçin-de, şahyryň ismi asyrlardan-asyrlara dillerden düşmän gelýär. Gündogary öwreniji alym A.Ý.Krymskiý öz işlerinde «Magtymgulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp sanly legendalar aýdylýar» diýip ýazypdyr. Alym A.Baýmyradow bolsa «Rowaýatlarda taryhy şahslar» atly kitabynda her bir rowaýatda beýan edilýän wakanyň jümmüşine aralaşmagyň uly ähmiýete eýedigini belläp, öz pikirini Magtymguly Pyragy hakda halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlar bilen berkidýär. Uzak ýyllaryň dowamynda bize Magtymguly Pyragynyň Eýranda ýaşaýan kowumdaşy Aba işandan şahyryň golýazmalarynyň ähmiýeti dogrusynda birnäçe rowaýatlary ýazyp almak miýesser etdi. Şol rowaýatlaryň käbirini okyjylara ýetirmegi hem-de beýik akyldaryň golýazmalarynyň dünýä ýaýraýşy hakynda söz açmagy makul bildik. Molladurdy goşukly

Dil biliminde leksikanyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen iki jiltden ybarat «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» hem-de «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» halkymyza ýetirildi. Jemgyýetimiziň ösüşi bilen bagly ýüze çykýan milli dilimiziň baýlyklary bu sözlüklerde öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly taryhy romanlary, nusgalyk kitaplary sözlük düzmek işinde hem-de daşary ýurt dillerini öwretmekde alymlara nusga boldy.

Dil hakynda danalaryň sözleri

«7/24.tm», № 06 (89), 07.02.2022. Gowy gürläniňden gowy işleri edeniň görnüklidir.

Türkmenistanyň energetika syýasatynyň täze belentlikleri: wodorod energiýasy

28-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyny» tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekdi. Bu resminama «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagyny döretmek bilen bagly strategik maksatlaryň we çäreler toplumynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem energetika diplomatiýasydyr. Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren BMG-niň pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýasyny hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak bilen bagly teklipleri ekologik taýdan oňaýly energetikany ösdürmäge we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2022—2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi okamaga isleg bildiren, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Saz dünýäsinde sanly ulgam (Tanyş boluň, ýaş alym!)

Ýaş alym Türkmenistanda ilkinji bolup çagalar sungat mekdepleri üçin multimedia okuw gollanmasyny taýýarlady TALYPLYK — YLYMLAR ÄLEMINE GADAM

Guýularda parafiniň emele gelmeginiň sebäpleri we ony arassalamagyň ýollary

Gatlagyň nebit berijiliginiň peselmegine getirýän sebäpleriň biri nebitiň düzüminden parafiniň bölünip çykmagydyr. Şonuň netijesinde öýjükli kanallaryň bir bölegi dykylýar. Nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) içki diwarynda, agyz üst enjamlarynda we çykaryş turbalarynda parafin gatlagynyň emele gelmegi suwuklygyň geçiriş kesigini kiçeldýär we onuň akymyny peseldýär. Parafin gatlaklarynyň emele gelmegi nebit senagatynda ulanylýan enjamlaryň işini çylşyrymlaşdyrýar we nebit çykarmakda, daşamakda hem-de saklamakda özboluşly päsgelçilik döredýär, nebitiň özüne düşýän gymmatyny ýokarlandyrýar. Parafin gatlagy ýaga meňzeş suwuklykdan gatan derejesine çenli ýeten garamtyl massa görnüşde bolup, düzüminde parafinden başga-da ep-esli derejede şepbigiň mukdaryny, suwy we mineral bölejikleri saklaýar. Adaty şertlerde parafinler gaty kristal jisim görnüşde duş gelse, ýer gatlagynda, köplenç, nebitiň düzüminde erän görnüşde bolýar.

Iňlis dilini öwrenmegiň ähmiýeti

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022.  Iňlis dilini bilmegiň örän peýdalydygy we möhümdigi hemmelere mälimdir. Bu bolsa iňlis dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmany artdyrýar. Şu gün okyjylara iňlis dilini öwrenmegiň ähmiýeti hakynda gürrüň bermegi makul bildik.

Hünärim bar, hormatym bar

Şu okuw ýylynyň başyndan biziň ýokary okuw mekdebimizde zähmet we tehnologiýanyň esaslary hünäri öwredilip başlandy. Bu hünäri öwrenýänlere sanly ykdysadyýet, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tehniki we çeper döredijilik, konstruksion materiallaryň tehnologiýasy, zähmet howpsuzlygy, ýylylyk tehnikasy, maşynlaryň we mehanizmleriň teoriýasy, kompýuter tehnologiýalaryny zähmet okuwynda ulanmak ýaly umumy matematiki we tebigy-ylmy, şeýle hem umumy hünär we ýörite hünär dersleriniň 40-dan gowragy boýunça çuňňur düşünjeler berilýär. «Hünärim bar — hormatym bar» diýip ýöne ýerden aýtmandyrlar. Döwrüň özgermegi bilen hünärler hem kämilleşýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hünäre goýulýan sarpa has ýokarlandy. Munuň özi ozaly bilen Ýurtbaştutanymyzyň ylym-bilimi jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Hünär ynsany täze belentliklere galkyndyrýar, onuň ruhuny beýgeldýär, durmuşyna çuňňur many çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän sargytlarynda hem hünär öwrenmek esasy orny tutýar. Mähriban Arkadagymyzyň eserlerinde biz bu hakykaty aýdyň görýäris. Döwlet Baştutanymyzyň il-ýurdumyzyň ösüşlerine gönükdirilen zähmete belent sarpa goýulýandygy baradaky gymmatly pikirleri ykdysady ösüşlerimize, bedewlere, halylara bagyşlanylan ylmy ýa-da «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly çeper eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa ý

Ylym — rowaçlyklaryň badalgasy

Gahryman Arkadagymyzyň aladalary netijesinde, ýurdumyzda Ylymlar akademiýasynyň işiniň ýola goýulmagy, aspiranturalaryň we doktoranturalaryň döwrüň talaplaryna laýyk işlemegi, şeýle-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy merkezleriň döredilmegi bilen ylym ulgamynda täze sepgitlere ugur alyndy. Ylmy-tehniki ösüşleriň yzygiderli ýokarlanmagyny gazanmakda ýaşlaryň paýyna köp zatlaryň düşýändigi bellidir. Ýurdumyzyň ylym ulgamyny ýokary derejelere götermäge gönükdirilen işleriň hatarynda dünýäniň ylmy giňişligine çykmaga ukyply ýaş alymlarymyzyň neslini kemala getirmek meselesine hem uly üns berilýär. Türkmen oba hojalyk institutynda hem bu babatda düýpli işler amala aşyrylýar. Ýaş alymlar we hünärmenler tarapyndan oba hojalygyny ösdürmek, talyplara ylmy esasda bilim bermek, ylmy barlaglary alyp barmagyň usullary, ylmy-önümçilik tejribelikleriň geçirilişi barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

Ylymly il ozar

Bagtyýarlyk döwrümiziň hem-de abadan günlerimiziň kerwenini çekip barýan ata Watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Ösüşlerimiziň özeni bolan ylym-bilim barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem buýsançly söhbet edilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» diýen bölümindäki dürdäne setirleri okanyňda häzirki döwürde ösen döwletleriň esasy baýlygy bolup durýan ylym-bilim ulgamynyň mähriban Watanymyzda hem uly ösüşlere eýe bolýandygyna, onuň kuwwatynyň artýandygyna has-da guwanýarsyň. Kitapdaky: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen dürdäne setirler çuňňur mana eýedir. Çünki, häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim işgärleriniň öňünde durýan baş wezipeler bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmekden, ylymly, bilimli, zähmetsöýer, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu biz — ýaşlar üçin-de, jemgyýetimiz üçin-de iň uly mirasdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp orna eýe boldy. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi, ilkinji noba

Guýy sütünleriniň sementaž işleri

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Her bir nebitgazly sebit üçin AKS (akustiki karotaž sementomer) enjamynyň geçirilmeli optimal amatly wagty sement ergininiň fiziki-himiki häsiýetlerine we başlangyç temperaturasyna baglylykda, ýörite guýy synag işleri netijesinde kesgitlenilmelidir. Mysal üçin, has çalt doňýan portlandsement garyndysy 24 sagada çenli gatap ýetişýär. Emma az ýylylyk bölüp çykarýan gelsement ergininiň gatap doňmasy birnäçe güne çekýär. Şol sebäpli AKS usuly sement doly gatap doňandan soňra geçirilmelidir. Önümçilik geofiziki toparlary tarapyndan ulanylýan AKS usuly gatap, doňan sementiň oturtma sütüni we gatlak bilen tutluşyp, jebisleşme ýagdaýyny kesgitleýär. Termometriýa usuly bolsa oturtma sütüniniň daşyndaky sement ergininiň düşen aralygynyň ýokarky derejesini kesgitleýär. Iň ýokary gyzgynlyk bölünip çykmasy sementiň tutluşyp başlan wagtynda ýüze çykýar. Netijede, termometriýa usuly sementiň tutluşyp başlan döwründe geçirilse, has anyk netije berýär. Günbatar Türkmenistanda gazylýan guýularda biziň ýurdumyzda öndürilip, häzirki wagtda ulanylýan sementiň synag işleri geçirilende, termometriýa usulynyň 12 sagada çenli, AKS usulynyň bolsa 24 sagatdan soňra geçirilmegi amatly netije berdi.