Ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

11 Mart 2022
1907

Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça yglan edilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Milli bilim institutynda onlaýn usulda guralan bäsleşige Aşgabat şäheri hem-de welaýatlar boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary öz taýýarlan işleri bilen gatnaşdylar.

Üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň maksady okuwçylary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olaryň döredijilik başarnyklaryny, bäsleşige ukyplylyk endiklerini ösdürmekden, ylmy işler bilen meşgullanmaga çekmekden we wajyp meseleleri çözmegiň täze usullaryny ýüze çykarmakdan ybarat boldy. Jemleýji tapgyra mekdep okuwçylary ylmy-gözleg, taslama, täzeçillik we oýlap tapyjylyk hem-de tehniki döredijilikde konstruktorçylyk, modelirleme we maket taýýarlamak boýunça başarnyklaryny açyp görkezýän, sanly tehnologiýalara esaslanýan işleriniň 60-dan gowragy bilen gatnaşdylar. Hödürlenen işler wajyplygy, meseläniň öwreniliş derejesi, maksady we wezipeleri, ylmy täzeçilligi, amaly gymmatlygy, durmuşda ýa-da önümçilikde ulanmak mümkinçiligi, hiliniň we beýan edilişiniň görkezijileri boýunça bahalandyryldy.

Aknur GALPAKOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar