Ylym — paýhasyň, ösüşleriň açary

20 Fewral 2022
2349

Dünýäde ylym we tehnika örän tizlik bilen ösýär. Bilim, ylym babatynda gazanylýan üstünlikler halklaryň, ýurtlaryň dostana hem-de birek-birege ynanyşmak arkaly ýeten belent derejeleriniň aýdyň görkezijileridir. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň birek-birege hormat goýmagyna esaslanýar. Umumadamzat we milli gymmatlyklar esasynda şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ýurdumyzda ykdysady, durmuş, kanunçylyk şertleri yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmegiň zerurdygyny belleýär.

Milli Liderimiz täze tehnologiýalary döretmekde, önümçiligi ösdürmekde hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ylymda, bilimde, sportda öňdebaryjy ösüşi gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýjüni raýatynyň aň-bilim derejesiniň ösüşinde görýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň gerekli maglumatlary alyp, peýdalanyp bilmegi üçin internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli, ukyply ýaşlar tejribeli alym-professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, peýdalanmak mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli, ylymly nesli kemala getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap şertler döredilýär, ýaş alymlar höweslendirilýär. Professorlaryň, alymlaryň, ylmy işgärleriň öz ugurlaryndan has-da kämilleşmekleri, önjeýli işlemekleri üçin daşary ýurtlaryň ylmy edaralary bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlikler guralýar. Ýurdumyzyň alymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde yzygiderli geçirilýän maslahatlar, sergiler, ylmy işgärleriň duşuşyklary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Tirkiş REJEPOW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar