Kitap — ylmyň açary

3 Mart 2022
2055

Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan güneşli Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler kalplary buýsanja besleýär. Ajaýyp zamanamyzda ynsanyň köňül nagşy, medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa hasam artýar. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim derejesini, dünýägaraýşyny giňeltmek, kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen kitaphanalaryň kitap gaznasy baýlaşýar. Şoňa görä-de, kitaphanalar halkymyzyň maddy we ruhy durmuşyny açyp görkezýän aýna hökmünde ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýär.

Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaphanalaryň döredilmegi, internet ulgamynyň elýeterli bolmagy netijesinde dünýä ylmynyň gazananlary, halkymyzyň pähim-paýhasy, asyrlar boýy döreden ruhy gymmatlyklary, genji-hazynasy bilen tanyşmaga täze mümkinçilikler emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine şert döredýär.

Berdimyrat AŞYROW,
Serdar şäherindäki 6-njy orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar