"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dostluk kenarynda

ruhubelent dynç alyş dowam edýär 1 — 10-njy awgust aralygynda gojaman Hazaryň türkmen kenaryndaky ajaýyp dynç alyş zolagynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerine gatnaşýan Russiýa Federasiýasynyň zehinli ýaş matematikleriniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen bejergi alan çagalaryň hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň dynç alşy şatlyk-şowhunda dowam edýär. Olar deňziň arassa howaly kenarynda dürli sport çärelerine işjeň gatnaşýarlar, dynç alýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi çagalaryň täze okuw ýylyny uly ruhubelentlik we täze güýç bilen garşylamagyna hem şert döredýär.

Sy­ýa­hat­çy­ly­gyň tä­sin gör­nü­şi

Häzirki wagtda syýahatçylygyň halkara derejede giň gerime eýe bolýandygyny her ýyl dünýä ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň ýüzlerçesiniň zähmet rugsady döwrüni syýahatçylykda geçirýändikleri bilen baglanyşdyrmak bolar. Halkara syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) berýän maglumatlaryna esaslansak, her ýylda dünýä ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň 1 milliarddan gowragy halkara derejede syýahatçy hökmünde hasaba alynýar. Diýmek, syýahatçylygy depginli ösýän we köplerde uly gyzyklanma döredýän pudak hasaplamak bolar. Syýahatçylygyň dürli ugurlary bolup, olar dünýä tejribesinde giňden ulanylýar. Şolaryň çalt depginler bilen ösýänleriniň biri hem suw syýahatçylygydyr. Bu syýahatçylyk iň ýaş we täze-täze hyzmatlar bilen özüne çekiji ugur hökmünde hem bellidir. Suw syýahatçylygynyň taryhy ХХ asyryň 20-nji ýyllaryndan başlanýar. Suw syýahatçylygy dynç alşyň suwda ýüzýän gaýyklaryň dürli görnüşlerini (baýdarkalary, katamaranlary we beýleki ýüzüji ulaglary) suwasty ýüzüşlerde ulanmak bilen geçirilýän görnüşidir. Häzir dünýäniň köp ýurtlarynda suw syýahatçylarynyň ulanýan enjamlaryny, egin-eşiklerini, aýakgaplaryny öndürmek boýunça önümçiligiň uly gerim bilen ýola goýulmagy amala aşyrylýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hyzmatlaryň görnüşleriniň kämilleşmegi hem wajyp hasaplanýar. Sebäbi hyzmatlaryň derejesi näçe ýokary bolsa, olara isleg bildirýänleriň sany yzygiderli artmak bilen bolýar. Biziň ýurdumyzy

Dostluk mekanynda

31-nji iýulda şu ýylyň mart aýynda «akylly» şäherde geçirilen halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyp, toparlaýyn medal sanawynda birinji orna mynasyp bolan russiýaly mekdep okuwçylary paýtagtymyza geldiler. Olar paýtagtymyzda bolmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň eserleri, kitap sergisi bilen tanyşdylar.

Arzyly Awaza

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ynsanyň ýüregine, zeminiň ýüzüne sagdynlygyň we bagtyýarlygyň nury bolup ýalkym saçýar. Çagalykda gulagymyzda galan hyýaly ertekilerdäki täsinlikleri görmedigimiz az-azdyr. Olardaky «jadyly taýajygyň», «uçýan halynyň»... täsinligini diýsene. Sähel-salymda gahrymanlaryň arzuwlary öňlerinde häzirdir... Indi bular barada çagalara gürrüň berip oturmagyň hajaty ýok. Otlynyň, uçaryň ýa-da ýeňil ulagyň işigine ädimiňi ätläbildigiň bes, hakyt ertekileriň dünýäsine aralaşyp, gahrymanlaryň ornuna özüňi oklanyňy duýman galýarsyň. Münen ulagyňdan düşüp-düşmänem, oklaw ýaly göni ýoldan ugrarsyň hyýalyňdaky menziliňe tarap. Hä diýmänem, owazasy äleme dolan Awazanyň kenarynda häzir bolarsyň. Ynha-da, ertekilere gaýra dur diýýän biri-biriniň boýuna, roýuna bäs edýän binalar. Bu ýerde bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda, 1380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezleri hem-de 9 sany kottejler toplumlary hereket edýär. Bular syýahatçylyk zolagyndaky ertekilere meňzeş hakykatyň diňe bir bölegi. Binalaryň haýsy birine ýerleşjekdigiň barada netijä gelmek bolsa öz eliňde. Olaryň içki şert-mümkinçiliklerini görüp çykmazyňdan ozal, binalaryň atlaryna nazar aýlamakçymyň?! «Hazyna», «Watançy», «Serdar», «Nebitçi

Täsin geçelge

Adamlar özleriniň ýakynlaryny görmek, myhmançylykda bolmak, ýa bolmasa syýahat etmek maksady bilen şäherara we daşary ýurtlara gatnawlary amala aşyrýarlar. Munuň üçin bolsa, esasan, awtoulaglary, otlulary we uçarlary peýdalanýarlar. Durmuşymyzda möhüm gatnaw ýoly bolup hyzmat edýän demir ýollarynyň ýerleşişiniň dünýäde birnäçe görnüşleri bar. Şweýsariýada ýerleşýän «Gotthard» ýerasty demir ýoly uzynlygy boýunça dünýäde öňdäki orunda durýar. 2016-njy ýylyň iýun aýynda açylyp ulanylmaga berlen demir ýolunyň gurluşygy 17 ýyla golaý wagt dowam edipdir. Şweýsariýada bu ýerasty demir ýoldan başga-da, birnäçe ýerasty demir ýollary we awtoulag ýollary bar. Munuň esasy sebäbi, ýurduň geografik ýerleşişine baglydyr. Ýurduň demirgazygyndan günortasyna çenli uzalyp gidýän aralygy Alp daglary eýeleýär. Bu daglar ýurduň umumy meýdanynyň ýaryndan hem gowragyny tutýar. 2400 adamyň zähmet çekýän ýerasty demir ýolunyň uzynlygy 57  kilometrden gowrak. Alp daglarynyň içinden geçýän demir ýoly ýük we ýolagçy gatnatmaga niýetlenendir. Tomus paslynda syýahatçylaryň iň köp barýan döwründe bu ýerde gatnaw has-da ýygjamlaşýar.

Ýaldyrak döwri

Türkmenleriň halk senenamasy boýunça ýurdumyzda awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlaýar. Uly köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy bolan Ýaldyragyň dogmagy bilen bu döwür şeýle atlandyrylýar. Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär, ýöne Üçýyldyz döwründäki ýaly yssy uzak dowam etmeýär. Bu döwür 40 güne çekip, ol öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär.

Jümle-jahan habarlary

Medinedäki äpet saýawanlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi. Meýilnamada görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Kerki ýaly şäherlere gündelik uçuşlar ýola goýuldy.

Deňziň kenaryndaky dostluk owazy

Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri dowam edýär. Ozal hem habar berlişi ýaly, oňa ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasyndan gelen zehinli mekdep okuwçylary gatnaşyp, dynç alyş günlerini şadyýan geçirýärler. Olar sportuň kenarda oýnalýan görnüşleri bilen bir hatarda, türkmen milli oýunlaryny oýnap, milli medeniýetimiz bilen giňişleýin tanyşýarlar. 6-njy awgusta Awazada dynç alýan çagalar ajaýyp deňiz kenarynda sportuň futbol, woleýbol, tanap çekmek ýaly toparlaýyn we kenarda oýnalýan görnüşleri bilen meşgullandylar. «Ýaglyga towusmak», «Çilik» ýaly türkmen milli oýunlary Russiýadan gelen myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar türkmenistanly deň-duşlary bilen oýunlaryň bu görnüşleri arkaly wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Şunuň ýaly çaga oýunlary gadymy döwürlerde diňe güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşyň özboluşly sapaklary, çagalary durmuşa taýýarlamagy maksat edinen özboluşly mekdep bolup hyzmat edipdir. Türkmeniň milli oýunlary ýaşlarda we çagalarda berk bedenliligi, sagdynlygy, çalasynlygy terbiýeläpdir. Medeni-köpçülik we sport çäreleriniň çäklerinde küşt, şaşka, düzzüm boýunça geçirilen ýaryşlar ösüp gelýän nesliň pikirl

“Boeing” kompaniýasyna täze ýolbaşçy bellendi

“Boeing” korporasiýasynyň täze baş direktory wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda wezipesine girişer. Kelli Ortberg bu wezipede mart aýynda işden çekilýändigini mälim eden Deýw Kalhunyň ornuny eýelär. Ýolbaşçylygyň üýtgemegi awiakompaniýanyň birnäçe meseleler, şol sanda, paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy we ikinji çärýekde ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolan döwri bolup geçýär. Şu ýyl “Boeing”-iň paýnamalary 27 göterim arzanlady, bu bolsa 2020-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkezijidir. Kompaniýa iki sany heläkçilige we uçuşlaryň uzak wagtlap togtadylmagyna getiren “Boeing 737 MAX” uçarlary bilen çynlakaý päsgelçiliklere duçar boldy.

Türkiýä baran jahankeşdeleriň sany 13,9 göterim artdy

2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkiýä baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň sany 13,9 göterim artdy. Bu barada ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň birinji ýarymynda Türkiýä baran daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 26 million 136 müň 764 adama deň bolupdyr.

1,9 milliard amerikan dollarlyk girdeji gazandy

Gruziýa ýylyň birinji ýarymynda syýahatçylyk pudagyndan 1,9 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 30,4 göterim köpdür. Hasabat döwründe Gruziýa daşary ýurtly jahankeşdeleriň 2 milliondan gowragyny kabul etdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Gruziýa syýahat etmäge baranlaryň sany boýunça Türkiýe birinji, Russiýa bolsa ikinji orny eýeledi.

Türkmenistan — syýahatçylygyň we sapaly dynç alşyň mekany

Tomus paslynyň dynç alyş günleri gyzgalaňly dowam edýär. Adamlar rahatlygy we hyzmat edilişiniň derejesi boýunça ýokary halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän şypahana-dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň, şol sanda paýtagtymyzyň beýleki gözel künjeklerinde wagtlaryny hoş geçirýärler. Şunda halkyň abadançylygyna we ýaşaýşyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş syýasatynyň esasy ugurlary öz mynasyp beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, beýleki dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden müňlerçe adam gelýär. Olar tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we peýdaly geçirýärler, oňat dynç alýarlar hem-de saglygyny berkidýärler. Gökderede hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde hereket edýän ajaýyp saglyk we dynç alyş merkezleri halkymyzyň hyzmatynda. Ýurdumyzda şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek arkaly ilatyň saglygyny berkitmek hem-de durmuşyň hilini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ajaýyp howa menzili

«Inçhon» howa menzili Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde ýerleşip, ol ýurduň iň uly howa derwezesidir. Paýtagty Seuldan 48  kilometr uzaklykda ýerleşýän bu menzil 700 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. 2001-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen howa menzilinde ýylda 62 million ýolagça hyzmat edilýär. Dünýäde ululygy boýunça 5-nji ýerde durýan, arassaçylyk babatda öňdebaryjy howa menzilleriniň biri hasaplanýan, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan «Inçhon» howa menzili döwrebap äheňi bilen bir hatarda, milliligi bilen hem tapawutlanýar. Terminallarynyň arasynda otly gatnawy bolan bu ýer birnäçe gezek «dünýäniň iň gowy howa menzili» diýlip yglan edildi.

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň beýik asma köprüsi

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçuşlarynyň täze tertibi

«Turkish Airlines»: Miles and Smiles maksatnamasynyň giňeldilen mümkinçilikleri

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň «Miles and Smiles» wepalylyk maksatnamasy ýolagçylara uçuşlarynda milleri toplamaga we olary hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak we goşmaça hyzmatlary satyn almak üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Maksatnama gatnaşyjylar bonuslary diňe bir ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem, paýlaşyp hem bilerler. Milleri status miline öwrüp, klubyň beýleki agzalaryna geçirip ýa-da «Miles and Smiles shop» dükanynda söwda etmek üçin ulanyp bolýar.

Syýahatçylyk dürdänesi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biridir. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynyň iň täsin we ajaýyp ýerinde ýerleşýän bu syýahatçylyk zolagy dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ol ýerde gysga taryhy döwrüň içinde gurlan kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler toplumlary, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki köp sanly desgalar göreni haýrana goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Awazanyň» döredilmeginiň baş maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň rowaçlyklara eýe bolandygyna Awazanyň düýpgöter özgerip, sebitiň syýahatçylyk dürdänesine öwrülendiginden, deňiz kenarynyň meşhurlygynyň barha artýandygyndan göz ýetirip gelýäris.

Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Durdiýew bilen Syýahatçylyk we sport ministri Ýermek Maržikpaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Tengrinews internet neşiri habar berdi. Türkmen diplomaty Türkmenistanda sport we syýahatçylyk ugurlarynda durmuşa geçirilýän birnäçe başlangyçlar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Gadymy ýadygärlik

Biziň eýýamymyzdan öňki 3000-nji ýyllara degişli Skara Breý ýadygärligi Şotlandiýanyň Orkneý adasynda ýerleşýär. Ýadygärlik 70-den gowrak adany özünde jemläp, Şotlandiýanyň demirgazygynda 10 mile çenli uzalyp gidýär. Bu ýerden köpsanly ýaşaýyş ýerleriniň yzlary we ybadathanalar tapyldy. Adamlar ir döwürlerde, esasan, «Meýnland» atly adada topar bolup ýaşapdyrlar. Iki sany daş aýlawy bilen bilelikde, Skara Breýiň ýadygärligi we obasy ÝUNESKO-nyň Maddy gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Bu ýadygärligiň taryhyny öwrenmek boýunça ekspedisiýalaryň netijesinde Stromnessdäki duralga şäherçesi we Kirkwall şäheri dynç almak üçin meşhur şäherleriň hatarynda tanalyp ugrady.