Syýahatçylyk dürdänesi

30 Iýul 2024
216

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy güneşli Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biridir. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynyň iň täsin we ajaýyp ýerinde ýerleşýän bu syýahatçylyk zolagy dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Ol ýerde gysga taryhy döwrüň içinde gurlan kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler toplumlary, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki köp sanly desgalar göreni haýrana goýýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Awazanyň» döredilmeginiň baş maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň rowaçlyklara eýe bolandygyna Awazanyň düýpgöter özgerip, sebitiň syýahatçylyk dürdänesine öwrülendiginden, deňiz kenarynyň meşhurlygynyň barha artýandygyndan göz ýetirip gelýäris.

Jumadurdy HOJANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.
Beýleki habarlar