“Boeing” kompaniýasyna täze ýolbaşçy bellendi

5 Awgust 2024
214

“Boeing” korporasiýasynyň täze baş direktory wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda wezipesine girişer.

Kelli Ortberg bu wezipede mart aýynda işden çekilýändigini mälim eden Deýw Kalhunyň ornuny eýelär. Ýolbaşçylygyň üýtgemegi awiakompaniýanyň birnäçe meseleler, şol sanda, paýnamalaryň bahasynyň pese gaçmagy we ikinji çärýekde ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolan döwri bolup geçýär. Şu ýyl “Boeing”-iň paýnamalary 27 göterim arzanlady, bu bolsa 2020-nji ýyldan bäri iň ýaramaz görkezijidir. Kompaniýa iki sany heläkçilige we uçuşlaryň uzak wagtlap togtadylmagyna getiren “Boeing 737 MAX” uçarlary bilen çynlakaý päsgelçiliklere duçar boldy.

Beýleki habarlar