"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr

Nesilleriň arasyndaky baglanyşygy diňe terbiýe arkaly kemala getirip, berkidip hem-de ösdürip bolýandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Çünki terbiýe arkaly ýaş nesil ýaşuly nesilden iň oňat bilimleri, başarnyklary, endikleri kabul edip alýar, özüçe ýaşaýyş modelini ýasajak bolmaýar-da, ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan ygtybarly tejribäni has baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge çalyşýar. Munuň özi jemgyýetiň durnuklylygyny, öňegidişligini, nesilleriň ruhy-ahlak kämilligini üpjün edýär. Şoňa görä-de, Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir» diýip belleýär. Munuň, hakykatdan-da, şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyny ýene bir ýola okap çykanyňda göz ýetirmek bolýar. Bu romanda hormatly Arkadagymyzyň kakasy, döwlet Baştutanymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir döwri, has dogrusy, bir ýarym ýyly beýan edilýär. Roman türkmen halkynyň ruhy-ahlak dünýäsiniň — kynçylygyň öňünde ejizlemän, ony adamlaryň bilelikde, agzybirlikde alyp çykyşynyň, maşgala mukaddesliginiň, peder bilen perzendiň ruhy baglanyşygynyň, watansöýüjiligiň, milli ýol-ýörelgeleriň kämil açylyp görkezilişi, çeperçiligi taýdan taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin-de, bu eser pedagogiki jähetden ýaş nesiller üçin örän gymmatlydyr.

«Ertekiler dünýäsine» syýahat

Ömrüň gaýtalanmajak pasly bolan çagalygymyz ýyllar geçdigisaýy süýji ýatlamalara öwrülip, hakydamyzyň altyn tagtynda baky orun eýeleýär. Şol ýatlamalary, ajaýyp pursatlary ýatladýan ýerleriň özi-de biz üçin mähriban hem eziz. Şeýle künjekleriň biri hem «Ertekiler dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezidir. Çagalygymyzyň ajaýyp pursatlarynyň döremegine sebäp bolan bu seýilgähe gadam uranymyzdan, şadyýanlygyň hoştap howasy, gözel ýatlamalaryň owazy gurşap alýar. Ertekili seýilgäh göwünlerimize ganat bekläp, çagalygymyzy ýatlatjak şadyýan bir güne çagyrýar. Biz hem ter-tämiz duýgulardan kalbymyzy dolduryp, ugradyk ertekilere sary syýahata. Gör-bak, bu täsin syýahatda bize nämeler garaşýar...

Tutumly işlere badalga

Şu günler paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde anyk tabşyryklary berdi. Nobatdaky möhüm ähmiýetli çäre şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda geçiriler. Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Halkyň wekilçiliginiň, isleg-arzuwlarynyň, watançylyk başlangyçlarynyň ýüze çykýan ýeri hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy. Foruma dürli pudaklaryň wekilleriniň, ak sakally gojalaryň, eneleriň, ýaşlaryň hem gatnaşmagynda aýratyn many bar. Çünki il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek hem-de milli demokratik däplere eýermek halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ynamdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr.

Ýaşlar beýik döwre buýsanýar

Gahryman Arkadagymyz: “Beýik maksatlara ýetmek üçin, zähmeti hemişe özüňize hemra ediniň!” diýip ýaşlara sargyt edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu sargydy durmuşyň her bir pursadynda, her bir ädimde ýaşlaryň ýol-ýörelgesi bolup, olary hyjuwly işlemäge we täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň we ilkinji guramalarynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň gymmatly sargytlaryndan ugur alyp, bu gün öz işlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar, wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleriniň netijeliligini gazanýarlar, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Bagtyýar durmuşyň waspy

Etrek etrap bilim bölüminde etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde «Sagdyn jemgyýet bagtyýar durmuşyň kepilidir» ady bilen wagyz-ündew çäresini geçirdik. Oňa bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Ýurdumyzda Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesiller barada uly alada edilýär. Olaryň ylymly, bilimli, watansöýüji, ynsanperwer, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde, sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmakda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şol geçirilýän çärelere, sport ýaryşlaryna we dürli bäsleşiklere ýaşlar höwes bilen gatnaşýarlar. Özleri üçin döredilýän şertlere mynasyp jogap bermäge çalşyp, okaýarlar, öwrenýärler, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar.

Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wajyp ugurlary barada söhbetdeşlik geçirdiler

Ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady bolup hyzmat edýän sanly ykdysadyýeti yzygiderli kämilleşdirmek we bu işlere ýaşlary çekmek döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň täze, has kämil tehnologiýalardan we öňdebaryjy tilsimatlardan başarjaň peýdalanmagyna şertler döredýän sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýär.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna täze hyzmat hödürlenýär

«Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna «USSA» mobil goşundysy arkaly ussa hyzmatlaryny hödürleýär. Bu mobil goşundy Android hem-de iOS ykjam telefonlarynyň ähli platformalarynda elýeterli bolup döwrebap hyzmatyň täze usuly. Habarlaşmak üçin:+99360120069, +99360120059.   E-mail:ussa@sanly.tm

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilýär

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýaş nes­liň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň zäh­met rug­sa­dy döw­rün­de ra­hat dynç al­mak­la­ry üçin şert­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş ugur­ly sy­ýa­sat­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler­dir. Bu sy­ýa­sa­tyň öze­nin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­si dur­ýar.

Ça­ga­la­ra şat­lyk paý­la­ýan gah­ry­man

Ýüz keş­bi, egin-eşi­gi, ada­ty däl he­re­ket­le­ri bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni çek­ýän mas­ga­ra­baz­lar ça­ga­la­ryň dog­lan gü­nü­ne, da­ba­ra­la­ra şat­lyk paý­la­ýan gah­ry­man hök­mün­de ta­nal­ýar. Mas­ga­ra­baz­lar 200 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ede­bi eser­ler­de, teatr­lar­da hem-de film­ler­de tä­sin keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. «Mas­ga­ra­baz» adal­ga­sy il­kin­ji ge­zek 1560-njy ýyl­lar­da ýü­ze çyk­ýar. Şol ýyl­lar­da akt­ýor­lar ak far­for pal­çy­gy ýü­zü­ne ça­lyp, to­ma­şa­çy­la­ry gül­dü­rip­dir­ler. Köp dil­de ýör­gün­li bo­lan «kloun» sö­zü­niň is­land­la­ryň «klun­ni» sö­zün­den ge­lip çy­kan­dy­gy bellenilýär. 1947-nji ýyl­da mas­ga­ra­baz­la­ryň hal­ka­ra bir­leş­me­si dö­re­dil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji meş­hur mas­ga­ra­baz Jo­zef Gri­mal­di ha­sap­lan­ýar. Ol 1802-nji ýyl­da Ang­li­ýa­da «Joý» ady bi­len sahnada çy­kyş ed­ýär. De­giş­me­le­ri hem-de gül­künç he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ren Gri­mal­di ýüz bo­ýag­la­ry, ge­ýen eşi­gi bi­len to­ma­şa­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Şon­dan soň­ra teatr ar­tist­le­ri­niň ara­syn­da ýa­ňa­gy­ňy gy­zyl, sa­çy­ňy älem­go­şar ýa­ly reňk­le­mek, bur­nu­ňa ul­la­kan şar geý­mek, ag­zy­ňy reňk­le­mek hem-de dür­li reňk­li eşik­le­ri geý­mek ýör­gün­li bo­lup baş­la­ýar.

Şka­fy nä­hili ter­tip­le­me­li?

Ca­ga wagtyňdan baş­lap ýat­ýan ota­gy­ňy, ge­ýim-ge­jim­le­riň­dir okuw es­bap­la­ry­ňy ter­tip­li hem-de aras­sa sak­la­ma­gy öw­ren­mek esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Esa­san hem, egin-eşik­le­ri­ňi ýer­be-ýer sak­la­ma­gy en­dik et­me­li. Mu­nuň üçin bol­sa, il­ki bi­len, egin-eşik­dir gün­de­lik ulan­ýan se­riş­de­le­riň sak­lan­ýan şka­fy ter­tip­le­mek­den baş­la­ma­ly. Eý­sem, zat­la­ryň ýer­be-ýer dur­ma­gy üçin şka­fy nä­hi­li ter­tip­le­me­li? Il­ki bi­len şka­fyň içi­ni bo­şat­ma­ly hem-de äh­li ýe­ri­ni ma­za­ly aras­sa­la­ma­ly. Tek­je­ler­den, asgyç­lar­dan baş­lap, şka­fyň ga­py­la­ry­na we tu­ta­waç­la­ry­na çen­li sü­pür­me­li. Soň­ra egin-eşik­le­ri­ňi göz­den ge­çi­rip, geý­me­jek­le­ri­ňi bir gy­ra aýyr­ma­ly. Ki­çe­len ýa-da reň­ki­ni ha­la­ma­ýan ge­ýim-ge­jim­le­ri­ňi ji­gi­le­ri­ňi­ze hem be­rip bi­ler­si­ňiz. Soň­ra egin-eşik­le­ri­ňi şka­fa ýer­leş­dir­mez­den ozal, möw­sü­me gö­rä böl­me­li. My­sal üçin, ýaz­da ge­ýil­ýän ýe­ňil eşik­le­ri bir tek­je­de, gy­şy­na ge­ýil­ýän ga­lyň egin-eşik­le­ri baş­ga bir tek­je­de, köp­lenç geý­me­gi ha­la­ýan eşikleriňizi bol­sa, el­ýüz­räk­de ýer­leş­dir­me­li. Eger-de egin-eşik­le­ri­ňiz şka­fa ýer­leş­me­ýän bol­sa, möw­sü­me gö­rä geý­ýän eşik­le­ri­ňi­zi ýer­leş­di­rip, ga­la­ny­ny öýüň am­mar ota­gy­na äkit­me­li. Şka­fy ter­tip­le­ýän wag­ty­ňyz «Bu-da ge­rek bo­lar, mu­ny hem ula­na­ryn» di­ýe

Nä­me üçin al­ma­ly zat­la­ry­myz ýat­dan çyk­ýar?

Öý­den çyk­man­kak sa­tyn al­mak is­le­ýän zat­la­ry­my­zyň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­mak ba­zar­da­ky işi­mi­zi has aň­sat­laş­dyr­ýar. Kä­te gys­sa­nyp, sa­naw ýaz­maz­dan ýa-da ýa­zan sa­na­wy­my­zy ýat­dan çy­ka­ryp gaýt­sak, nä­me­le­ri al­ma­ly­dy­gy­myz ba­ra­da köp pi­kir­len­ýä­ris. Öý­den gaýt­man­kak ge­rek zat­la­ryň äh­li­si­ni bil­ýän hem bol­sak, söw­da edip baş­la­ny­myz­da kö­pü­si ýa­dy­my­za düş­me­ýär. Şeý­le­lik­de, öýe ge­le­ni­miz­de «wiý» di­ýe­ni­mi­zi duý­man gal­ýa­rys. Eý­sem, bu ýag­daý nä­me bi­len bag­ly­ka?! Ýat­keş­lik. Al­ma­ly zat­la­ryň esa­sy­la­ry­nyň ady­nyň ýat­da sak­la­nyp, beý­le­ki­le­ri­niň ýat­dan çyk­ma­gy, il­ki bi­len, ýa­dyň iş­jeň­li­gi bi­len bag­ly­dyr. Kä­bir adam bir­nä­çe za­dy ýa­dyn­da sak­lap bil­ýän bol­sa, kä­bir adam bir-iki zat­dan ar­tyk­ma­jy­ny ýa­dy­na dü­şü­rip bil­me­ýär. Göz äh­li za­dy gör­ýär, em­ma gö­rüş duý­gu­sy için­den iň ge­rek­li­le­ri­ni beý­nä ýe­tir­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, gö­ren zat­la­ry­myz gys­ga möh­let­li (wagt­la­ýyn) ýa­da geç­ýär. Adat­ça köp adam bir ge­zek­de di­ňe 7 sa­ny za­dy ýat­da sak­lap bil­ýär. Şol se­bäp­li ho­ja­lyk üçin ze­rur bo­lan se­riş­de­le­riň sa­na­wy­ny düz­mek äh­li adam üçin iň go­wy çy­kal­ga­dyr.

Wul­kan­la­ryň we buz­luk­la­ryň ýur­dy

De­mir­ga­zyk At­lan­ti­ka­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Is­lan­di­ýa haý­ran gal­dy­ry­jy buz­luk­la­ry hem-de he­re­ket ed­ýän wul­kan­la­ry bi­len te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Is­lan­di­ýa diý­len­de köp­ler De­mir­ga­zyk yşyk­la­ry göz öňü­ne ge­tir­ýär. Köp­ler bol­sa Is­lan­di­ýa­ny gyz­gyn suw­ly köl­le­riň ýur­dy hök­mün­de ta­na­ýar. Islandiýa 103 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan ada ýur­dy bolup, Ark­ti­ka te­ge­le­gi­ne örän ýa­kyn ýer­leş­ýär. Şol se­bäp­li bu ýer­de tom­su­na ak gi­je­le­ri, gy­şy­na bol­sa dür­li öwüş­gün­li de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­ny syn­lap bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si bu ýur­da Ting­wad­la­watn kö­lü­ni gör­mek üçin bar­ýar­lar. Ýur­duň paý­tag­ty Reýk­ýa­wik şä­he­ri bo­lup, Kou­pa­wog­ýur, Hab­nar­ford­ýur, Reýk­ýa­nes­baýr, Aku­reý­ri, Gar­da­baýr Is­lan­di­ýa­nyň esa­sy şä­her­le­ri ha­sap­lan­ýar. Is­lan­di­ýa­ly­la­ryň 95 gö­te­ri­mi is­land di­lin­de gep­leş­ýär­ler. Ýur­duň res­mi di­li is­land di­li bo­lup, ikin­ji we üçün­ji dil hök­mün­de dat we iň­lis dilleri öw­re­dil­ýär. Şol se­bäp­li ada ýur­du­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­r ýer­li ilat bi­len dü­şü­niş­mek­de kyn­çy­lyk çek­me­ýär­ler. 2007-nji ýyl­da Is­lan­di­ýa BMG ta­ra­pyn­dan ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň go­wy ýur­dy diý­lip saý­lan­dy. So­wuk ýur­da Kef­la­wik ho­wa men­zi­li ar­ka­ly ýa-da de­ňiz üs­ti bi­len ba­ryp bol­ýar. G

Dür­li halk­lar­da­ky yrym-ynanç­lar

Ta­ry­hyň do­wa­myn­da adam­lar nä­bel­li we dü­şün­me­dik zat­la­ryn­dan öz­le­ri­ni howp­suz duý­mak üçin, şeý­le hem gor­ku­ly ýag­daý­lar­dan çy­kal­ga göz­läp dür­li yrym­la­ry dö­re­dip­dir­ler. Ir­ki za­man­lar­da ýa­şap ge­çen adam­la­ryň yna­nan zat­la­ry­nyň kä­bi­ri­niň ha­ky­ka­ta la­ýyk gel­me­gi bi­len yrym­lar dur­muş ýö­rel­ge­si­ne, hat­da köp hal­kyň mil­li däp-des­sur­la­ry­na öw­rü­lip­dir. Her bir hal­kyň özü­ne mah­sus yrym-ynanç­la­ry bar. Yrym­lar öz dö­rän döw­ri bi­len, şol dö­wür­ler­dä­ki ynanç­lar bi­len bag­ly bo­lup, yl­ma esas­lan­ma­ýar. Ha­ky­ka­ta la­ýyk gel­me­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan bu dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ula­ny­ly­şy şu gün­ler­de hem do­wam ed­ýär. Ge­liň, kä­bir halk­da ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän yrym­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Bar­mak­la­ry­ňy ke­siş­dir­mek. Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da or­ta we sü­ýem bar­ma­gy­ňy gaý­çy şe­ki­lin­de ke­siş­dir­mek is­len­dik ýag­daý­da şow­lu­lyk ge­tir­ýär di­ýen yrym bar. Bu ynanç Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hris­ti­an­lar­dan öň, but­pa­raz­lar döw­rün­de ýaý­rap baş­lap­dyr. Ýew­ro­pa­ly­lar bar­mak­la­ry­ny ata­nak­la­ýyn bir­leş­dir­mek bi­len, kö­mek edi­ji güýç­le­riň şol ýe­re jem­len­ýän­di­gi­ne we ar­zuw­la­ryň ba­sym ama­la aş­jak­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Yry­ma ynan­ýan­lar il­ki­baş­da iki sü­ýem bar­ma­gy­ny ata­nak­la­ýyn bir­leş­di­ren bol­sa­lar, soň­lu­gy bi­len her eli

Dün­ýä­niň iň gym­mat şä­her­le­ri

2024-nji ýyl­da ýa­şa­ýyş üçin iň gym­mat şä­her­le­riň sa­na­wyn­da Že­ne­wa bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Il­kin­ji üç­lü­ge Sýu­rih we Nýu-Ýork gir­di. «Num­beo» plat­for­ma­sy ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nen ýa­şaý­şyň ba­ha­sy bo­ýun­ça tä­ze­le­nen in­deks­de Že­ne­wa şä­he­ri 101,7 bal ga­za­nyp, dün­ýä­niň beý­le­ki şä­her­le­rin­den öňe saý­lan­dy. Ýa­şa­ýşyň ba­ha­sy­ bo­ýun­ça sa­naw­da azyk önüm­le­ri, ulag we je­ma­gat hyz­mat­la­ry ýa­ly esa­sy sarp ediş ha­ryt­la­ry­nyň we hyz­mat­la­ry­nyň nyr­hy göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýö­ne bu gör­ke­zi­ji kä­ren­de tö­leg­le­ri ýa-da ipo­te­ka ýa­ly ýa­şa­ýyş çyk­da­jy­la­ry­ny öz içi­ne al­ma­ýar.

«Akyl­ly» okuw gol­lan­ma­la­ry

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň mek­dep­le­ri «gel­je­giň synp otag­la­ry» tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de eme­li aň­ly okuw gol­lan­ma­la­ry­ny or­naş­dy­ryp baş­la­dy­lar. 2023-nji ýyl­dan bä­ri LG ýur­duň 18 mek­de­bin­de eý­ýäm ýo­la goý­lan şeý­le synp otag­la­ry­ny dö­re­dip baş­la­dy. Bu okuw otag­la­ryn­da mu­gal­lym­la­ra we okuw­çy­la­ra kö­mek edip bil­jek eme­li aň bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan CLOi adam­sy­pat ro­bot­la­ry­na bi­rik­di­ri­len san­ly tag­ta­lar gur­na­lan­dyr. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi eme­li aň­ly san­ly okuw gol­lan­ma­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di.

Bol­ga­ri­ýa ýew­ro ge­çer

Bol­ga­ri­ýa­nyň Halk ýyg­na­gy (par­la­ment) ýew­ro­nyň mil­li pul hök­mün­de do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­ni tas­syk­la­ýan ka­nun ka­bul et­di. Bu ka­nun Bol­ga­ri­ýa­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­niň ýö­rel­ge­le­ri­ni we ka­da­la­ry­ny ter­ti­be sa­lyp, ýew­ro ge­çi­şiň düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­ýär hem-de ra­ýat­la­ra tä­ze wal­ýu­ta uý­gun­laş­ma­ga wagt ber­jek ge­çiş döw­rü­ni gi­riz­ýär. Bol­ga­ri­ýa­da ýew­ro­nyň do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­jek wag­ty he­niz kes­git­le­nil­me­di. Onuň wag­ty Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan kes­git­len­me­li diý­lip, ha­bar­da bel­le­nil­ýär.

Af­ri­ka­nyň iň uly ho­wa men­zi­li gurlar

Efio­pi­ýa­nyň paý­tag­ty Ad­dis-Abe­ba­nyň go­la­ýyn­da Af­ri­ka yk­ly­myn­da iň uly hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ni gur­mak ba­ra­da ka­rar ka­bul edil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ho­wa men­zi­li ýyl­da 100 mil­li­on ýo­lag­ça hyz­mat et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Af­ri­ka­nyň iň uly we iň çalt ös­ýän awia­kom­pa­ni­ýa­sy «Et­hio­pi­an Air­li­nes» Efio­pi­ýa­nyň tä­ze ho­wa men­zi­li­niň di­zaý­ny­ny iş­läp düz­mek mak­sa­dy bi­len DAR hal­ka­ra kon­sal­ting to­pa­ry bi­len öza­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da­ky Äht­na­ma gol çek­di. «Et­hio­pi­an Air­li­nes» to­pa­ry­nyň baş di­rek­to­ry Mes­fin Ta­seu­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, top­lu­myň ba­ha­sy 6 mil­liard dol­la­ra deň bo­lup, meý­da­ny 35 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lar. Ho­wa men­zi­li ýur­duň paý­tag­tyn­dan 17 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky Bi­şof­tun şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da bäş ýy­lyň için­de gur­lup, ulan­ma­ga ber­ler. Şeý­le hem DAR ägirt uly gur­lu­şyk tas­la­ma­sy üçin kä­ren­de­çi­le­ri saý­lar.

Dört gün­lük iş hep­de­si­ni hö­dür­le­mek­çi

Du­ba­ýyň Hö­kü­me­ti­niň Adam gor­la­ry­ny do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça de­par­ta­men­ti dört gün­lük iş hep­de­si­ni gi­riz­mek bo­ýun­ça sy­nag­la­ra 15 sa­ny döw­let eda­ra­sy­ny saý­lap al­dy. Şeý­le hem bu eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň iş gü­nü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny ýe­di sa­ga­da çen­li azalt­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­ra­da Emir­li­giň Hö­kü­me­ti­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. 12-nji aw­gust­da gi­ri­zi­len sy­nag 30-njy sent­ýab­ra çen­li do­wam eder. Bu dö­wür­de sy­nag tas­la­ma­sy­na gat­naş­ýan eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­ne do­ly aý­lyk tö­le­ner. «Bi­ziň çe­ýe tom­su­myz» di­ýip at­lan­dy­ry­lan Hö­kü­me­tiň baş­lan­gy­jy di­ňe döw­let iş­gär­le­ri­ne de­giş­li bo­lup, bu sy­na­ga hu­su­sy pu­da­gyň kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­naş­ma­ýar.

Abaý gü­ni bel­le­nil­di

10-njy aw­gust­da Ga­za­gys­tan­da gör­nük­li şa­hyr, aň-bi­lim ýaý­ra­dy­jy we fi­lo­sof Abaý Ku­nan­ba­ýe­wiň hor­ma­ty­na Abaý gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­di. Bu ýyl onuň dog­lan gü­nü­ne 179 ýyl dol­dy. Şol gün ýur­duň paý­tag­ty As­ta­na­da Aba­ýyň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül goý­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Abaý Ku­nan­ba­ýew ga­zak şa­hy­ry, ma­ga­ryf­çy­sy, akyl­da­ry we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gä­ri­dir. Ol Ga­za­gys­ta­nyň ýa­zuw ede­bi­ýa­ty­ny esas­lan­dy­ry­jy we ýur­duň il­kin­ji nus­ga­wy ýa­zy­jy­sy­dyr. Abaý, ys­lam ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da ga­zak däp-des­sur­la­ry­ny Ýew­ro­pa me­de­ni­ýe­ti­ne ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga ta­gal­la eden me­de­ni re­for­ma­çy hök­mün­de hem giň­den ta­nal­ýar.

Da­laş­gär­le­riň ara­syn­da te­le­çe­kiş­me ge­çi­ri­ler

ABŞ-nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp we hä­zir­ki wi­se-pre­zi­dent Ka­ma­la Har­ris ABC te­le­ýaý­ly­myn­da 10-njy sent­ýabr­da te­le­çe­kiş­me ge­çir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. ABC-niň be­ýa­na­tyn­da Pes­pub­li­kan par­ti­ýa­dan pre­zi­dent­li­ge da­laş­gär Do­nald Tramp we De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan onuň bäs­de­şi Ka­ma­la Har­ris te­le­wi­de­ni­ýe­de gu­ral­jak çe­kiş­mä gat­naş­ýan­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Tramp Flo­ri­da şta­ty­nyň Palm-Biç şä­he­rin­de ge­çi­ri­len met­bu­gat ýyg­na­gyn­da, Har­ris bi­len üç te­le­çe­kiş­me ge­çir­mek­çi­di­gi­ni aýt­dy.