«Ertekiler dünýäsine» syýahat

16 Awgust 2024
152

Ömrüň gaýtalanmajak pasly bolan çagalygymyz ýyllar geçdigisaýy süýji ýatlamalara öwrülip, hakydamyzyň altyn tagtynda baky orun eýeleýär. Şol ýatlamalary, ajaýyp pursatlary ýatladýan ýerleriň özi-de biz üçin mähriban hem eziz. Şeýle künjekleriň biri hem «Ertekiler dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezidir. Çagalygymyzyň ajaýyp pursatlarynyň döremegine sebäp bolan bu seýilgähe gadam uranymyzdan, şadyýanlygyň hoştap howasy, gözel ýatlamalaryň owazy gurşap alýar. Ertekili seýilgäh göwünlerimize ganat bekläp, çagalygymyzy ýatlatjak şadyýan bir güne çagyrýar. Biz hem ter-tämiz duýgulardan kalbymyzy dolduryp, ugradyk ertekilere sary syýahata. Gör-bak, bu täsin syýahatda bize nämeler garaşýar...

Nury SAKÇYÝEW,
«Nesil».
Beýleki habarlar