Wul­kan­la­ryň we buz­luk­la­ryň ýur­dy

16 Awgust 2024
103

De­mir­ga­zyk At­lan­ti­ka­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Is­lan­di­ýa haý­ran gal­dy­ry­jy buz­luk­la­ry hem-de he­re­ket ed­ýän wul­kan­la­ry bi­len te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Is­lan­di­ýa diý­len­de köp­ler De­mir­ga­zyk yşyk­la­ry göz öňü­ne ge­tir­ýär. Köp­ler bol­sa Is­lan­di­ýa­ny gyz­gyn suw­ly köl­le­riň ýur­dy hök­mün­de ta­na­ýar. Islandiýa 103 müň ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan ada ýur­dy bolup, Ark­ti­ka te­ge­le­gi­ne örän ýa­kyn ýer­leş­ýär. Şol se­bäp­li bu ýer­de tom­su­na ak gi­je­le­ri, gy­şy­na bol­sa dür­li öwüş­gün­li de­mir­ga­zyk yşyk­la­ry­ny syn­lap bol­ýar. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si bu ýur­da Ting­wad­la­watn kö­lü­ni gör­mek üçin bar­ýar­lar.

Ýur­duň paý­tag­ty Reýk­ýa­wik şä­he­ri bo­lup, Kou­pa­wog­ýur, Hab­nar­ford­ýur, Reýk­ýa­nes­baýr, Aku­reý­ri, Gar­da­baýr Is­lan­di­ýa­nyň esa­sy şä­her­le­ri ha­sap­lan­ýar. Is­lan­di­ýa­ly­la­ryň 95 gö­te­ri­mi is­land di­lin­de gep­leş­ýär­ler. Ýur­duň res­mi di­li is­land di­li bo­lup, ikin­ji we üçün­ji dil hök­mün­de dat we iň­lis dilleri öw­re­dil­ýär. Şol se­bäp­li ada ýur­du­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­r ýer­li ilat bi­len dü­şü­niş­mek­de kyn­çy­lyk çek­me­ýär­ler. 2007-nji ýyl­da Is­lan­di­ýa BMG ta­ra­pyn­dan ýa­şa­mak üçin dün­ýä­niň iň go­wy ýur­dy diý­lip saý­lan­dy. So­wuk ýur­da Kef­la­wik ho­wa men­zi­li ar­ka­ly ýa-da de­ňiz üs­ti bi­len ba­ryp bol­ýar. Ge­ze­len­je bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ra çig we ka­ka­dy­lan et, gaý­na­dy­lan süýt, bi­şi­ril­me­dik ýu­murt­ga ge­tir­mek ga­da­gan edil­ýär. Is­lan­di­ýa­nyň mil­li aş­ha­na­syn­da ba­lyk we de­ňiz önüm­le­ri esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Aku­la etin­den taý­ýar­lan­ýan na­har­lar, leň­ňeç çor­ba­sy, gaý­na­dy­lan go­çuň kel­le­si, süý­ji tü­wi pu­din­gi, krem­li ga­tyk hem-de piş­me (klei­nur do­nuts) ýur­duň meş­hur ta­gam­la­ry­dyr.

Beýleki habarlar