Öýden çykmankak satyn almak isleýän zatlarymyzyň sanawyny taýýarlamak bazardaky işimizi has aňsatlaşdyrýar. Käte gyssanyp, sanaw ýazmazdan ýa-da ýazan sanawymyzy ýatdan çykaryp gaýtsak, nämeleri almalydygymyz barada köp pikirlenýäris. Öýden gaýtmankak gerek zatlaryň ählisini bilýän hem bolsak, söwda edip başlanymyzda köpüsi ýadymyza düşmeýär. Şeýlelikde, öýe gelenimizde «wiý» diýenimizi duýman galýarys. Eýsem, bu ýagdaý näme bilen baglyka?!
Ýatkeşlik. Almaly zatlaryň esasylarynyň adynyň ýatda saklanyp, beýlekileriniň ýatdan çykmagy, ilki bilen, ýadyň işjeňligi bilen baglydyr. Käbir adam birnäçe zady ýadynda saklap bilýän bolsa, käbir adam bir-iki zatdan artykmajyny ýadyna düşürip bilmeýär. Göz ähli zady görýär, emma görüş duýgusy içinden iň gereklilerini beýnä ýetirýär. Başgaça aýdylanda, gören zatlarymyz gysga möhletli (wagtlaýyn) ýada geçýär. Adatça köp adam bir gezekde diňe 7 sany zady ýatda saklap bilýär. Şol sebäpli hojalyk üçin zerur bolan serişdeleriň sanawyny düzmek ähli adam üçin iň gowy çykalgadyr.