"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat – Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

Dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolan gözel Aşgabadyň Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha belende göterilýär. Muňa 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen taryhy Çözgüdiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýýar. GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

Tutuş dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bu ajaýyp hakykata Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen sözleri hem aýdyň güwä geçýär. Häzirki wagtda çagalary goramak baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus bolan başlangyçlardyr maksatlar bilen baýlaşdyrylýar. Her bir çaga döwlet tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuklar we azatlyklar berilýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Kanun Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çagalaryň milletine, jynsyna, diline, dinine, gelip çykyşyna, ýaşaýan ýerine garamazdan de

Gymmatly gollanma

Bilşimiz ýaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Halkymyzyň medeniýetini öwrenmekde täze bir sahypa açýan we baý ylmy çeşmeleriň esasynda ýazylan çuňňur mazmunly kitapda örän baý taryhy we beýleki maglumatlar bar. Bu bolsa kitabyň köptaraplylygyndan habar berip, onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň geçmişi, binagärlik ýadygärlikleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitapda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu şäherde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler hem öz giňişleýin beýanyny tapýar. Ajaýyp kitabyň ussat suratkeşleriň döreden eserleri, dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bolsa Änewiň geçmişine we şu gününe gaýybana syýahat eden ýaly ýakymly duýgulary peşgeş berýär.

Türkmen türgenleriniň üstünlikleri

22 – 26-njy maý aralygynda Peruwyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda 102 kilograma çenli agramda çykyş eden türkmen türgeni Süleýman Jafarow dünýä çempiony boldy. Ştangany birden götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdiren Süleýman bu görnüşden altyn medal gazandy. Itekläp götermekde görkezen netijesi bolsa (170 kilogram) oňa bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netije gazanan ildeşimiz umumy hasapda hem altyn medala mynasyp boldy.

Welaýatlardan habarlar

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Baýramyň öňüsyrasynda Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kämil önümi bolan gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Ýeri gelende bellesek, bu döwrebap enjamlar böwrek ýetmezçilikli näsaglary gemodializ usuly bilen bejerip, olaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmakda, ömür dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýedir. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Eziz Diýarymyzda çagalaryň okamaklary, hünär öwrenmekleri, dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredilýär. Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi çagalar üçin şatlykly waka boldy. Ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleri bolan çagalar we uly ýaşly ildeşlerimiz haýyr-sahawatly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler.

Innowasion ykdysadyýet döwrebap hünärmenlere daýanýar

Sanly ykdysadyýete geçiş dünýäniň diňe bir ykdysady ýagdaýyny däl, eýsem, adamlaryň gündelik ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem özgerdýär. Maglumatlary, bilimleri, täzeçil pikirleri we innowasiýalary özünde jemleýän üznüksiz maglumat akymy bu günki sanly eýýamyň özboluşly aýratynlygy bolup öňe çykýar. Sanly ulgama geçmekde esasy serişdeler hökmünde, bir tarapdan, ony durmuşa geçirmek üçin zerur bolan tehnologiýalardyr ulgamlar, beýleki tarapdan bolsa, bu ugurdan başarnyklary ösen adamlar çykyş edýärler. Şonuň üçin-de häzirki döwürde emele gelýän sanly ykdysadyýetiň we täzeçil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň talaplaryna kybap gelýän hünärmenleri taýýarlamak bu ugurdaky esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy köp babatda döwlet dolandyryş ulgamynyň hünärmenleriniň taýýarlyk derejesine baglydyr. Sanly ykdysadyýetde döwlet düzümlerinde-de, hususy işewürlikde-de dolandyryş işleri adatdakydan düýpgöter tapawutlanýar. Täzeçil pikirleri öňe sürüp, degişli çözgütleri kabul etmekde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kömegi arkaly alnan takyk maglumatlara esaslanýan seljermelerden peýdalanýan kärhanalar üstünlik gazanýarlar. Psihologik durnuklylyk we aň-paýhas işjeňligi, çylşyrymly şertlere hem-de şowsuzlyklara döz gelmek başarnygy-da täzeçil ykdysadyýete geçilende ähmiýeti artýan talaplara degişlidir.

Göterildi ol ykbaly türkmeniň

Paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamyna öwrüldi. Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň

Arkalaşyk. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde möhüm orny eýeleýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen geçiren duşuşygynda-da aýratyn nygtaldy. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýandygyny, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, sport ulgamlarynda giňden hyzmatdaşlyk edýändigini, ulag, energetika pudaklarynda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi. Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.

Köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylyk

Gazetimiziň geçen sanynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrandygyny habar beripdik. Saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyz «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024» XV halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy we birnäçe duşuşyklary geçirdi. ...RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasynda bolan gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Rustam Minnihanow özara bähbitlilik, uzak möhletlilik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň baý oňyn tejribesi esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň we Tatarystanyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalary parkyna bardy. Bu ýerde «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş» atly mejlisi geçirildi.

Bagtyýarlyk gujagynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen sözleri ajaýyp zamanamyzyň beýanydyr. Çünki bu günki gün Garaşsyz Diýarymyz her bir ynsanyň çagalykdan başlap ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde dünýä ýüzünde bellidir. Munuň özi ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän işleriň datly miwesidir. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda çagalaryň bilimli, edepli-ekramly, ynsanperwer, watansöýüji, hünär taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döredijilik ukyplarynyň açylyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Çaganyň hukuk gatnaşyklaryny sazlaýan düzgünler «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Maşgala Kodeksinde we beýleki hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) agzasy bolan Türkmenistanda bagtyýar nesillerimiziň tomusky dynç alşyny deň-duşlary bilen sport çäreleriniň, aýdym

Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasy

Şu ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasynda ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Medeni gymmatlyklar halklary ýakynlaşdyrýar

Paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahat geçirildi. Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuňňur taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy biziň halklarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen hem-de soňky ýyllarda barha ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklary esasynda kemala gelen umumy däp-dessurlaryň birleşdirýändigini nygtady.

Aşgabat duşuşygy: ynanyşmak ruhy bilen nurana geljege

24-nji maýda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini görkezdi, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady. Mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasy boldy.

Ýubileý senä ajaýyp sowgat

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onuň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boljakdygyny belledi. Bu barada şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysyny tanyşdyrmak mynasybetli geçirilen dabaralarda-da aýratyn nygtaldy. Dabaralarda edilen çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alyndy.

Ak arzuwlar bilen uly durmuş ýoluna

«Soňky jaň» dabarasy ýaşlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma duýgusyny döredýär. Şol gün uçurymlar mekdep mugallymlary bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara, ene-atalara hoşallyk bildirilýär, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurýarlar. 25-nji maýda-da Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary geçirildi.

Täze jaý — bagtdan serpaý

Ýaşaýjylary döwrebap we elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamaga oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu hakykat 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarada-da öz aýdyň beýanyny tapdy. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar çykyşlarynda «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylmagy mynasybetli dabaranyň geçirilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydygyny bellediler. Soňra dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara ýokary amatlykly kottejleriň açarlary gowşuryldy. Öz şatlygyny paýlaşan täze öý eýeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Aşgabatda işewürlik desgalarynyň sany artýar

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi. Toý ruhuny has-da belende göteren bu waka mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar. Täze binalaryň gurluşygy ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwrebap desgalar paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn görk berip, olar ýurdumyzyň hususy düzümlerine özleriniň işewürlik maksatly işlerini alyp barmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzyň kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.

Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

Balkan welaýaty, 29-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.

Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

Balkan welaýaty, 29-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.