Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

30 Maý 2024
327

Balkan welaýaty, 29-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.

Beýleki habarlar