Medeni gymmatlyklar halklary ýakynlaşdyrýar

30 Maý 2024
313

Paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahat geçirildi.

Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuňňur taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy biziň halklarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen hem-de soňky ýyllarda barha ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklary esasynda kemala gelen umumy däp-dessurlaryň birleşdirýändigini nygtady.

Beýleki habarlar