Arkalaşyk. Hyzmatdaşlyk. Ösüş.

30 Maý 2024
335

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde möhüm orny eýeleýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen geçiren duşuşygynda-da aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýandygyny, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, sport ulgamlarynda giňden hyzmatdaşlyk edýändigini, ulag, energetika pudaklarynda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi. Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.

Beýleki habarlar