"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arkadagyň beýik binalary — bagtyýarlyk nyşany

Ýaşaýşyň iň täsin tarapy dünýäde ähli zadyň özgerip, durmuşyň dynuwsyz ösýänligidir. Adamzat hem maddy tarapdan, hemem ruhy-aňyýet tarapdan hemişe gözlegde bolup, durmuşy özgertmek bilen uly taryhy ýoly geçipdir. Dünýä taryhynyň öçmejek sahypalarynda görnükli yz goýan türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk kuwwaty Garaşsyzlyk eýýamynyň ajaýyp maddy, ruhy keşbini ussatlyk bilen döretmegiň egsilmez çeşmesine öwrüldi. Garaşsyzlygyň otuz üç ýyly gurmak, döretmek bilen dowam etdi. Şu döwürde tutuş ýurdumyzyň keşbi täzelendi, gözelleşdi. Binagärligiň özboluşly, baý tejribesi döredi. Häzirki zaman şähergurluşyk syýasaty ähli beýleki ugurlardaky ösüşlerimiz bilen birlikde, türkmen binagärliginiň üýtgeşik döredijilik ýolunyň kemala gelmegine şert döretdi.

Mümkinçilikleriň deňzi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow VI Hazar sammitinde bu deňzi hut şeýle atlandyrdy. Şeýle diýmezçe-de däl. Hazar — bäş döwletiň arasynda ýerleşýän täsin suw giňişligidir. Ol uly köldür, daşky suwlara — deňizlere we ummanlara suw çykalgasy ýokdur. Emma şeýle ägirt uly bolansoň, adamlar oňa deňiz diýýärler, ähli resminamalarda, kartalarda, hatda iň gadymy kartalarda-da ol şeýle atlandyrylýar. Bu onuň birinji täsinligi. Ikinji täsinligi onuň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirip durýanlygydyr. Hut şu ýagdaý hem onuň halkara ähmiýetini artdyrýar. Bu deňiz arkaly Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen araçäkleşýär. Hazaryň türkmen kenary dostlugyň, parahatçylygyň, syýahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde tanalýar. Hazar deňzi tebigy we biologik serişdeleri özleşdirmekde, ekologiýada, deňiz kenarynda dynç alşy guramakda, sporty we turizmi ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Hazarda we onuň sebitinde nebit bar, gaz bar, elektrik energiýasyny almakda oňaýly şertler bar. Suw jandarlarynyň — balyklaryň dürli görnüşi, şol sanda bekre balygynyň dünýädäki iň uly gory, dünýäde ýeke-täk görnüş bolan Hazar düwleni bar. Suwda we batgalyklarda ýaşaýan guşlaryň, şol sanda gyşda ýyly ýurtlara uçup gidende düşläp geçýän, köplenç hem Hazaryň kenarynda gyşlamaga galýan guşlaryň örän kän görnüşlerine duş gelmek mümkin. Hormatly Prezidentimiz Hazara «mümkinç

Döwletlilik ýörelgesi bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň baýramçylyk ediljek günleriniň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny, durmuş-ykdysady ösüşini, halkara abraýyny belende götermegiň ösüşli ýollary barada gürrüň ederler, pikir alşarlar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, türkmen halky ähli döwürde-de döwletli işleriň başyna baryljak bolnanda atly-abraýly ýaşululara geňeşmegiň, ýaşkiçileriň pikirini diňlemegiň oňyn netije berjekdigine düşünipdir. Taryhy geçmişimize nazar aýlanymyzda, her döwrüň patyşasynyň, hökümdarynyň köşgünde öz dana gojalarynyň, parasatly wezir-wekilleriniň, pähimli geňeşçileriniň, ýolgörkezijileriniň bolandygy bize mälim. Aýratyn ähmiýete eýe bolan bu nusgalyk ýörelgäniň gözbaşynda Gorkut ata, Görogly begiň atasy Jygalybeg, Çagryl we Togrul begiň atalary Seljuk beg, Oguz hanyň dana weziri Erkil hoja ýaly pähim-parasatly kişileriň bolandygy guwandyryjydyr. Goja taryhymyzyň sahypalary pederlerimiziň durmuş tejribesi, parasatly maslahatlary bilen baýlaşyp, halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşa — mukaddes Garaşsyzlyga, baky Bitaraplyga ýetmegine gönezlik boldy. Asly, zandy watansöýüjilige, pähim-paýhasa, mertlige, gaýratlylyga, asyllylyga,

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli boljakdygyna we iki ýurduň energetika ulgamyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Iş maslahaty geçirildi

29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Onuň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garalyp, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahalda

Gatnaşyklar ösdürilýär

30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Tährana iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, elektrik energiýasy, üstaşyr ulag ugurlary boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine ünsi çekdiler.

Adam hukuklaryna bagyşlandy

29-njy iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Gün tertibine laýyklykda, mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Adam hukuklary babatda milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy

Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy ýaly, olaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda dynç alyp biljekdigini aýtdy.

Geljege şugla saçýan tutumlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň maksatnamalaýyn esasda utgaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisidir. Şuglasy asyrlara nur çaýjak tutumlaryň başlangyjyny goýýan wakalar barada gürrüň etmek örän ýakymly. 26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, geçiriljek senesini bellemek, guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak, gün tertibini we deslapky maksatnamasyny, degişli resminamalary taýýarlamak, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek bilen baglanyşykly meseleler barada habar berildi.

Beýik ösüşleriň röwşen şuglasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, binýadyny has-da berkidýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik işleri bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri buýsandyryjy wakalara, hoş habarlara beslenýär. Halk hojalygynyň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýar. 26-njy iýulda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmek, dostlukly döwletler, şeýle-de abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler baradaky hasabatlary diňledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: täze belentlikleriň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklary il-ýurt ähmiýetli döwletli işlere täzeçe badalga berdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» atly ynsanperwer taglymatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 61-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilýändigi beýan

Döwrüň jebisleşdiriji güýji

Halk Maslahaty türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň bir gadymy institutlarynyň biridir. Ol döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, şeýle hem ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Onuň mejlislerinde wajyp ykdysady, syýasy, harby meseleler ilatyň giň gatlaklarynyň gatnaşmaklarynda halkyň ynamdar wekilleri bilen maslahatlaşylyp çözülipdir. Türkmen halky hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanyp, maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigine bolsa ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe şaýatlyk edýär. Halkymyzyň taryhy hakydasynda saklanyp galan we milli özboluşlylygyny beýan edýän hut şol asylly däpler häzirki wagtda döwrebap dowamatyny dabaralandyrýar.

Döredijiligiň kämil nusgasy

Şu ýylyň 27-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşmagy hem-de iş maslahatyny geçirmegi halk bähbitli özgertmeleriň giň gerim almagyna badalga bolan wakalaryň biri boldy. Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz belledi we görkezilen taslamalar babatda birnäçe bellikleri aýtdy.

Arkadag ýyldyzy — ylham ganaty

Ýakynda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos — Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişliklerinde ýerleşýän Pegas ýyldyzlar toplumyndan bir ýyldyzyň adyna «Arkadag» goýulmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Sebäbi Pegas baradaky düşünje türkmen halk döredijiliginiň jümmüşinde öz beýanyny tapýar. Dogrusy, halkymyz Pegas ýyldyzyny «Ganatly at» diýip atlandyrypdyr. Pegas barada greklerde hem özboluşly rowaýat bar. Emma ganatly at baradaky tymsal türkmen halkynyň ruhuna diýseň ýakyn. Ir zamanda bir sazanda ýigit bolupdyr. Şol döwrüň wakalaryna laýyklykda, ol söweş tilsimlerini öwrenip, oňa ussatlyk bilen erk edipdir. Parahat günlerde bolsa şygyr ýazyp, ony saza goşup aýdym aýdýar eken. Onuň aýdym-sazyny diňlän hassa sagalýan, ýadaw bolsa ýadawlygy aýrylýan, garyp bolsa rysgaly açylyp, baýlyga eýe bolýan ekeni. Ine, şol ýigit, obada belli halyçy dört uýanyň ulusyny gowy görüpdir. Uýalar haly dokamaga örän ussat eken. Olar iki ýüzli haly, uçýan haly dokapdyrlar. Uçýan haly barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabynda şeýle beýan edilýär:

Deňhukuklylyk durmuş maksatlarynyň wajyp ugry

Ýurdumyzda zenanlar eziz Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar, döwlet häkimiýetiniň düzümlerinde — kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji edaralarda işleýärler, daşary syýasat işine gatnaşýarlar, telekeçilik bilen meşgullanýarlar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär» diýlip bellenilendir.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Aşyrgeldi BEKDURDYÝEW, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist: — Umumy ykrar edilen halkara kadalaryň ileri tutulýan wezipelerini durmuşa geçirýän ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde hem bular barada giňişleýin beýan edildi. Mejlisde pudagara toparyň 2024-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Nygtalyşy ýaly, halkyň bagtyýar ýaşaýşy üçin mynasyp şertleriň döredilmegi, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar. Goý, döwletimizde demokratiýanyň dabaralanmagy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!