Beýik ösüşleriň röwşen şuglasy

1 Awgust 2024
150

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, binýadyny has-da berkidýär. Döwlet Baştutanymyzyň beýik işleri bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri buýsandyryjy wakalara, hoş habarlara beslenýär. Halk hojalygynyň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýar.

26-njy iýulda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmek, dostlukly döwletler, şeýle-de abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler baradaky hasabatlary diňledi.

«Adalat».
Beýleki habarlar