Döredijiligiň kämil nusgasy

1 Awgust 2024
165

Şu ýylyň 27-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşmagy hem-de iş maslahatyny geçirmegi halk bähbitli özgertmeleriň giň gerim almagyna badalga bolan wakalaryň biri boldy. Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz belledi we görkezilen taslamalar babatda birnäçe bellikleri aýtdy.

«Adalat».
Beýleki habarlar