Türkmenistanyň Halk Maslahaty: täze belentlikleriň ýoly

1 Awgust 2024
159

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklary il-ýurt ähmiýetli döwletli işlere täzeçe badalga berdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» atly ynsanperwer taglymatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 61-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilýändigi beýan edilýär.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar