"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary, XVIII asyrda ýaşap geçen söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmagyny arzuwlan şahyrdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän döwlet berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, gahrymançylyk, ata-enä hormat, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, salyhatlylyk ýaly duýgular ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar. Bu gün akyldar şahyryň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar // Göteriler ol ykbaly türkmeniň» ýa-da «Hor galmasyn puştdyr-puşdum // Berkarar döwlet istärin», «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn // Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn» diýen arzuwlary hakykata öwrüldi.

Ruhy mirasymyzyň gymmatly hazynasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli edebiýatymyz içgin öwrenilip, täze derejelere çykarylýar. Bilşimiz ýaly, türkmen edebiýaty öz gözbaşyny gadymyýetden alýar. «Gorkut ata», «Oguznama», «Kowusnama», «Görogly», «Şasenem-Garyp» ýaly onlarça eposlardyr dessanlar birnäçe asyr mundan ozal halk tarapyndan döredilen çeper eserlerdir. Milli edebiýatyň ajaýyp eserlerini okamak arkaly gadymyýetden şu güne çenli halkyň ýaşaýyş-durmuşyna, dürli wakalara gatnaşygyna, gahrymançylygyna, arzuw-isleglerine içgin göz ýetirmek mümkin. Edebiýat ynsanlarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär, köpçülikde özüňi dogry alyp barmak endiklerini kemala getirýär. Mundan başga-da, edebiýatyň üsti bilen ýaşlaryň durmuşda duş gelýän dürli ýagdaýlardan dogry netije çykarmagy üçin düşünjeler berilýär, başarnyklar ösdürilýär. Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyzyň gymmatly hazynasy hökmünde aýawly saklamak her birimiziň borjumyzdyr.

Gysga sözüň şerhi köp

Her bir sözi mukaddeslige, her bir jümlesi çuň mana eýe bolan, Hakdan içen şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, umumadamzat mirasynyň altyn hazynasynda uly orun eýeleýär. Onuň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açdy. Şahyr köňlünden syzdyryp ýazýan eserlerinde türkmen diliniň çeperçiligine, baýlygyna örän uly ähmiýet beripdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirýär. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.

Ezberligiň ýokary ussatlygy görkezildi

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Çärjew etrap bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Gülüň owadan» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa eli çeper gelin-gyzlaryň birnäçesi gatnaşdy. Olar halkymyzyň baý hem-de gaýtalanmajak gözellige eýe bolan milli mirasy — gadymy keçelerimiziň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşy, keçe taýýarlamakda gadymy gurallaryň we usullaryň ulanylyşy boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede ezberligiň we başarjaňlygyň ýokary ussatlygyny görkezip, Farap şäheriniň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Gülälek Allanazarowa birinji, 63-nji orta mekdebiň gurnak ýolbaşçysy Gülzada Haýdarowa ikinji, 18-nji orta mekdebiň gurnak ýolbaşçysy Gülnara Hakyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Dessançy bagşy Gurt Ýakubowy ýatlap...

Golaýda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, dessançy Gurt Ýakubowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli aýdymçylaryň, sazandalaryň we welaýatyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Ýolöten şäherinde — Gurt Ýakubowyň doglup, ýaşan öýünde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Täsirli geçen duşuşyga meşhur kyssaçy bagşy Gurt Ýakubowyň çagalary, agtyklary, dogan-garyndaşlary we aýdym-saz muşdaklary hem uly höwes bilen gatnaşdylar. Duşuşykda meşhur dessançy bagşynyň şägirtleri — bagşylar, dessançylar halypa bagşy Gurt Ýakubowy ýagşylykda ýatlap, onuň bilen baglanyşykly ýatlamalary, ajaýyp pursatlary gürrüň berdiler. Şeýle-de, halypanyň şägirtleri onuň aýdan aýdymlaryny, dessanlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Naýbaşy şaý-sepim, nusgam

Türkmen şaý-sepleri nepisligiň, gözelligiň nusgasy hasaplanýar. Olar hiç bir halkyň sungatynda gaýtalanmaýan milli öwüşginli sungat eseridir. Zergärçilik sungaty inçe syrly, täsin hem täsirli senetdir. Zergärler tebigat we ynsan durmuşy bilen baglanyşdyryp, şaý-sepleri dakynjaklaryň ýaş aýratynlygyna laýyklap ýasapdyrlar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, türkmen sährasy, onuň gül-gülälekli meýdany, jana tenekar deňizdir derýalary senediň nagyşlarynyň nusgasy bolup durýar. Gupba, sümsüle, bukaw, akdyrma, jugura, gönjük, apbasy, gülýaka, dagdan, heýkel, tumar, bilezik, maňlaýlyk, düwme, bentbag, goza, çapraz-çaňňa, egme, ildirgiç ýaly şyňňyrdysy alys ýerlerden eşidilýän şaý-seplerimiz biziň gözelligimiziň gönezligidir. Alymlaryň bellemegine görä, söweş lybaslaryndan gözbaş alyp gaýdýan şaý-seplerimiz gorag hökmünde ulanylyp, döwürlerden aşyp, bezeg önümlerine öwrülipdir. Milli şaý-seplerimiz diňe bezeg häsiýetli bolman, bejerijilik häsiýetine-de eýedir. Şaý-sepler dakynýan adamlary käbir kesellerden gorap, ruhuny göterip, ömrüni uzaldýar diýip bellenilýär. Hakyky käriniň eýesi bolan zergärler dür, göwher, pöwrize, merjen, lagyl, ýakut, hakyk, zeberjet ýaly daşlaryň adam saglygyny bejerijilik häsiýetleriniň bardygyny belläp geçipdirler. Ol gymmatbaha daşlary halk tebipçiliginde peýdalanypdyrlar. Ýene bir bellemeli zat, bilezik dakynan zenanlaryň gan basyşy kadaly ýagdaýda sa

Söz manysy

Tara Türkmen diliniň söz baýlygy edebiýatymyzyň gadymy nusgalarynda has giňden beýan edilýär. Bir sözüň köp many aňlatmagy türkmen diliniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde beýan edilýän «tara» sözüniň manysynyň hem örän giňdigini bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, tara öý şertlerinde ýüpek, nah mata dokamak üçin gadymdan bäri ulanylýan dokmaçylyk guraly bolup durýar. Ýöne bu sözüň başga manyda gelýändigine beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanyna deňelýän ajaýyp goşgy setirlerinde duşmak bolýar. Şahyryň «Jan istär» goşgusyndaky:

Türkmen halysy

Döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine siňip giden türkmen halysynyň abraýy, hormaty dünýä derejesinde belentlige galdy. Halk arasynda halyçylygyň agyr zähmet talap edýändigi barada aýdylýar. «Haly dokamak edil iňňe bilen guýy gazan ýalydyr» diýmek bilen, haly haly bolýança ençeme zähmetiň çekilýändigini düşündiripdirler. Türkmen halysynyň haçan, haýsy wagtda, haýsy döwürde, nähili ýagdaýda dörändigi baradaky sowala hiç kim kesgitli jogap tapmandyr. Munuň şeýledigine şu rowaýatyň üsti bilen göz ýetirmek bolýar.

Düýe malym — dünýe malym

Gadymy zamanlardan bäri, Gündogar we Günbatar ýurtlarynyň arasyndaky söwda maksatly kerwen ýollarynyň iň esasy orny düýelere degişli bolupdyr. Çünki olar özleriniň çydamlylygy bilen aňyrsy görünmeýän uç-gyraksyz ymgyr çölleri aşyp, uzak ýollary geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanypdyr. Olar sähralykda azaşmaýarlar, suwsuz heläk bolmaýarlar. Düýeler uzak ýurtlaryň arasynda diňe söwdanyň däl, eýsem, ylmyň, bilimiň, sungatyň, diniň, senetçiligiň ýaýramagynda we ösmeginde örän uly orna mynasyp bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoluny düýesiz göz öňüne getirip hem bolmandyr, olar ýöne ýere «çöl gämisi» diýlip atlandyrylmandyr. Düýeler suwsuz iki hepde, iýmitsiz bir aýa golaý oňup bilýän jandardyr. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, düýeler köp wagtyň dowamynda suw içmeseler hem olaryň gany goýalmaýar. Düýeler iýmitlenmekde hem ýandak, sazak we gyrymsy agaçlaryň pürleri ýaly gurakçylyga çydamly ösümlik bilen oňup bilýärler. Türkmen halkynyň milli mirasy bolan halk döredijiliginde, folklorda, ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda düýelere degişli birnäçe aýtgylar bar. Olaryň mazmunynyň dürli-dürlüligine garamazdan, düýeler pähimli, asylly, adalatly, çydamly, namysjaň, baýlyk we rysgal getirýän jandar hökmünde suratlandyrylýar. Mysal üçin, «Akpamyk» atly ertekide ak maýanyň süýdüniň keramaty beýan edilýär.

Kämil terbiýäniň akabasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi nesilleri pähim-paýhasa ugrukdyryjy synmaz güýje öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejesinde birnäçe medeni, ylmy-amaly, döredijilik maslahatlary, bäsleşikler we beýleki çäreler üstünlikli geçirilýär we şahyryň pelsepe dünýäsini öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda tutumly işler amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilýär. Mähriban Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Magtymguly diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr». 2022-nji ýylyň noýabr aýynda TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegini, 2023-nji ýylyň maý aýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna girizilmegini halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Baş Konferensiýasynyň 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda geçirilen 42-nji mejlisinde 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNES

Berklik we gözellik

Türkmen zenanlarynyň sünnäli gollaryndan dörän keşdedir alajalar, nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslarymyz, halydyr palas önümlerimiz göreni haýrana goýýar. Köpöwüşginli reňkleri bilen bir bitewi gözelligi emele getirýän el işlerimiz diňe milli mirasymyzyň bir bölegi bolman, eýsem, zenan mertebesini, sarpasyny has hem belende galdyrýar. Çünki göreniň gözüni gamaşdyrýan bu gözellikler türkmen gelin-gyzlarynyň zehininden, köňül mährinden we yhlasly zähmetinden kemala gelendir. Ak arzuwlara eýlenip ýerine ýetirilýän milli el işlerimiziň biri-de jäheklerdir. Jähekler don, çäkmen, çabyt ýaly üstki egin-eşikleriň etegine, jübüsine, ýeňine, ýakasyna berklik we gelşiklilik üçin tutulýar. Şonuň ýaly-da, bu nepislik tahýanyň eteginiň hem özboluşly gözelligini emele getirýär. Egin-eşikleriň jäheklenmeginiň asyl maksady bolsa oňa edilen nagyşlaryň we keşdeleriň ýa-da eteginiň sökülmän, berk we ykjam durmagy üçindir. Bu iş dondur çäkmeniň bezeg işleriniň gutarnyklydygyny hem görkezýär. Il arasynda jähek bilen baglanyşykly aýtgylary hem kän eşidýäris. «Jähek ýaly sypaýy», «Agzy jäheklenen ýaly», «Agzy jäheksiz ýaly» diýen meňzetmeleriň ulanylmagy hem adamlaryň häsiýetleri, özlerini alyp baryşlary, gürleýişleri bilen baglanyşyklydyr.

Gadymy düýe bezegleri

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gadymy däpleri açyp görkezmek maksady bilen «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi açyldy. Türkmen toýlarynda gelnalyjy düýe kerwenini bezemekde ulanylan gadymy döwre degişli bezeg esbaplary ilkinji gezek görkezilýär. Halkymyz gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelnalyjy kerwenini bezemegiň ajaýyp däplerini saklap gelipdir. Muňa kejebe bezemek däpleri arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Gaznalarda saklanylýan bu gymmatlyklar birnäçe ýyllaryň dowamynda ylmy esasda öwrenilip gelinýär. Sergide muzeýiň hünärmenleri tarapyndan düýäniň çöküp oturan heýkeli ýasalyp, onuň üstünde kejebäniň gadymy durky dikeldildi. Ýasalan düýe heýkeli hem-de kejebe sergä çykarylýan ýörite muzeý gymmatlyklary bilen bezeldi. Ol ylla diýersiň, janly ýaly, gadymy döwri ýada salýar.

Taryhy şöhratly şäheriň waspy

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri özü­niň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da: «Ki­tap hiç wagt ba­ha­sy eg­sil­me­ýän, gym­ma­ty gaç­ma­ýan gym­mat­lyk­dyr» di­ýip bel­läp geç­ýär. Ha­ky­kat­da­nam, ki­tap yn­sa­na ru­hy taý­dan gol­da­wy, sag­dyn pi­kir­len­me­gi, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­ma­gy ba­gyş ed­ýär. Gah­ry­man Arkadagymy­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň dö­re­den eser­le­ri­ni alyp oka­ny­myz­da hem bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­ýä­ris.

Daňdanakan galasy: geçmiş syrlaryny açýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ylmy-öwreniş işleri geçirilmegi meýilleşdirilen, taryhda belli Daňdanakan galasy Merwden Sarahsa barýan ýoluň 63 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Bu meşhur gala-kerwensaraýyň galyndylary 4,5 gektar meýdany tutýar. Galanyň kem-käsleýin saklanyp galan diwarlarynyň taraplarynyň ölçegi 210 — 216 metre deňdir. «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu gadymy taryhy ýadygärlikde gazuw-agtaryş, öwreniş hem-de berkidiş işlerini alyp barýarlar. Möwsümleýin işleriň dowamynda şäheriň gurluş we ýaşaýyş medeniýetine degişli gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy. Galanyň merkezi böleginde Juma metjidiniň ýerleşen ýeri diýlip çaklanýan meýdançada ýer gatlaklary öwrenilenden soň, gazuw-barlag işlerine başlandy.

Manyly ömrüň beýany

(So­ňy. Baş­lan­gy­jy ga­ze­tiň ge­çen sa­nyn­da) Dur­muş­da ça­ga­lyk ar­zuw­la­ryň he­mi­şe wy­sal ta­pyp du­ra­nok. Mu­ňa Oraz­dur­dy öz my­sa­lyn­da anyk göz ýe­tir­di. Ring­de ge­çi­ri­len hy­syr­dy­ly tür­gen­le­şik­ler­dir du­şu­şyk­lar, göreş meýdançalaryndaky çekeleşikli tutluşyklar, me­dal­lar hem hor­mat hat­la­ry... bu­la­ryň ba­ry ýa­kym­ly ýat­la­ma bo­lup ga­lyp­dy. Oňa in­di tä­ze ça­gy­ryş ga­raş­ýar­dy. Ýaş zoo­teh­nik saý­lap alan hü­nä­rin­de özü­ni gör­kez­me­li­di, ab­raý al­ma­ly­dy.

Türkmeniň bagşyçylyk sungaty

Türkmeniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bagşyçylyk sungaty bar. Halk aýdym-sazlary mazmuny, gurluşy we ýerine ýetirijilik aýratynlyklary boýunça liriki, zähmet, däp-dessur we çaga aýdymlary ýaly folklor žanrlaryna we bagşy-sazandalaryň mirasy bilen baglanyşykly aýdym-saz sungatyna bölünýär. Mazmuny we formasy boýunça ösen bagşyçylyk sungaty ýerine ýetirijilerden ýokary ussatlygy talap edýär. Häzirki wagtda bagşyçylyk ýollaryna Ahal, Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan ýaly ýer-ýurt atlary hem goşulyşyp ugrady. Dutar eserleri özleriniň heň baýlygy bilen tapawutlanýar. Olarda ulanylýan çylşyrymly usullar we bezeg inçelikleri ýerine ýetirijiden gurala ussatlarça erk edip bilmegi talap edýär. Munuň özi eserleriň ömrüni uzaldýar.

Gadymdan gelýän gymmatlyk

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanyp, suw ýakalaryndaky, dag jülgelerindäki, giň sähralyklardaky erkana durmuşy ýaşaýyş üçin saýlap alypdyrlar. Şonuň üçin-de olar gündelik durmuşda ahalteke atyna, düýesine, alabaý itine, tazysyna, elguşuna diňe bir hojalykda ulanylýan jandar däl-de, eýsem, ýakyn ýoldaş, syrdaş, ýardamçy hökmünde uly orun beripdirler. Ahalteke atlary ýaly has giňden meşhur bolmasa-da, türkmen durmuşynda düýe malynyň hem orny uly bolupdyr. Yssa-sowuga çydamly düýeleriň gymmaty sähra ýerlerinde has üýtgeşikdir. Şonuň üçinem oňa halkymyz «sähra gämisi» diýip at beripdirler. Olar sabyrlylygy, agraslygy, agyr ýüki ýeňledýändigi, müňbir derdiň dermanyny eçilýänligi bilen-de sarpalanypdyr. Muny «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen nakylymyz hem doly tassyklaýar.

Söz manysy

Ilkibaşda orak ýaly... Ilkibaşda orak ýaly,Orta ýaşda çörek ýaly —

Jana şypaly keçeler

Keçe hakynda gürrüň açylanda, çagalygymda bolup geçen wakalar ýadyma düşýär. Ejemiň mamamlarda goňşular bilen üýşüp keçe gülleýişleri, ýüň boýamak, saýmak işlerini ýerine ýetirişleri göz öňümde janlanýar. Biz elmydama olara kömekleşerdik hem keçäniň taýýarlanyşyny öwrenerdik. Mamam onuň döreýiş taryhy baradaky rowaýatlary, hekaýalary aýdyp bererdi. Bir rowaýatda şeýle gürrüň berilýär: Ir zamanlarda bir owadan hanlykda şanyň ýekeje gyzy bolupdur. Onuň bedeninde agyry bolup, ol tebiplerden mydama bejergi alypdyr. Emma ol bejergileriň hiç biri şanyň gyzynyň doly gutulyp gitmegine ýardam etmändir. Wagtyň geçmegi bilen şanyň gyzynyň ýarawsyzlygyny ähli şalygyň adamlary bilipdir. Şa gyzy bolsa, bir obanyň çetinde ýeke özi ýaşaýan garryja enäniň ýanyna göçüp barypdyr. Ol enäniň iki sany owadanja guzujygy bar eken. Şa gyzy şol guzujyklaryň ikisini hem gowy gorýän eken. Agşamlaryna guzujyklaryň biri gujagynda, beýlekisi bolsa arkasyna ýaplanyp ýatýan eken. Birnäçe wagt geçensoň, gyzyň bedenindäki sowuklama, agyry-ynjylary aýrylypdyr. Şondan soň şa gyzy saryja goýnuň ýüňüniň özüne derman bolandygyna düşünipdir. Bu bolan wakany eşiden gyzyň enesi goýnuň güýzki gyrkymyndan agtygy üçin, ilki bilen, ýorgan tikipdir. Soňra bolsa keçe edilip başlanypdyr.

Haly önümleri hakda

Köpasyrlyk taryhy bolan milli halyçylyk sungaty gündelik durmuşymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen dörän haly önümleriniň görnüşleri kän. Geçmiş taryhymyzdan bäri olaryň aglabasy türkmen öýleriniň, behişdi bedewlerimiziň, arwana düýelerimiziň bezegi bolup gelýär. Haly önümleriniň käbirleri barada durup geçeliň. Eňsi — kiçeňräk gönüburçly haly önümi, ol ak öýleriň gapysynyň tutusy bolup hyzmat edýär. Ol gapynyň daş ýüzünden asylýar. Eňsiniň «sekiz goçak», «kelle», «gülýaýdy», «zerbaf», «böwrek», «dagdan», «pürpudak», «edresi», «güjük yzy» ýaly nagyşlar salnan görnüşleri bolup, düşeklik halylaryň nagyşlaryndan tapawutlanýar. Bu haly önüminiň aşagy seçekli bolýar.