Türkmeniň bagşyçylyk sungaty

12 Iýul 2024
267

Türkmeniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bagşyçylyk sungaty bar. Halk aýdym-sazlary mazmuny, gurluşy we ýerine ýetirijilik aýratynlyklary boýunça liriki, zähmet, däp-dessur we çaga aýdymlary ýaly folklor žanrlaryna we bagşy-sazandalaryň mirasy bilen baglanyşykly aýdym-saz sungatyna bölünýär. Mazmuny we formasy boýunça ösen bagşyçylyk sungaty ýerine ýetirijilerden ýokary ussatlygy talap edýär. Häzirki wagtda bagşyçylyk ýollaryna Ahal, Mary, Daşoguz, Lebap, Balkan ýaly ýer-ýurt atlary hem goşulyşyp ugrady.

Dutar eserleri özleriniň heň baýlygy bilen tapawutlanýar. Olarda ulanylýan çylşyrymly usullar we bezeg inçelikleri ýerine ýetirijiden gurala ussatlarça erk edip bilmegi talap edýär. Munuň özi eserleriň ömrüni uzaldýar.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar