Gadymy düýe bezegleri

17 Iýul 2024
226

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gadymy däpleri açyp görkezmek maksady bilen «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi açyldy. Türkmen toýlarynda gelnalyjy düýe kerwenini bezemekde ulanylan gadymy döwre degişli bezeg esbaplary ilkinji gezek görkezilýär.

Halkymyz gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelnalyjy kerwenini bezemegiň ajaýyp däplerini saklap gelipdir. Muňa kejebe bezemek däpleri arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Gaznalarda saklanylýan bu gymmatlyklar birnäçe ýyllaryň dowamynda ylmy esasda öwrenilip gelinýär. Sergide muzeýiň hünärmenleri tarapyndan düýäniň çöküp oturan heýkeli ýasalyp, onuň üstünde kejebäniň gadymy durky dikeldildi. Ýasalan düýe heýkeli hem-de kejebe sergä çykarylýan ýörite muzeý gymmatlyklary bilen bezeldi. Ol ylla diýersiň, janly ýaly, gadymy döwri ýada salýar.

Meretgeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory.
Beýleki habarlar