Jana şypaly keçeler

11 Iýul 2024
360

Keçe hakynda gürrüň açylanda, çagalygymda bolup geçen wakalar ýadyma düşýär. Ejemiň mamamlarda goňşular bilen üýşüp keçe gülleýişleri, ýüň boýamak, saýmak işlerini ýerine ýetirişleri göz öňümde janlanýar. Biz elmydama olara kömekleşerdik hem keçäniň taýýarlanyşyny öwrenerdik. Mamam onuň döreýiş taryhy baradaky rowaýatlary, hekaýalary aýdyp bererdi. Bir rowaýatda şeýle gürrüň berilýär:

Ir zamanlarda bir owadan hanlykda şanyň ýekeje gyzy bolupdur. Onuň bedeninde agyry bolup, ol tebiplerden mydama bejergi alypdyr. Emma ol bejergileriň hiç biri şanyň gyzynyň doly gutulyp gitmegine ýardam etmändir. Wagtyň geçmegi bilen şanyň gyzynyň ýarawsyzlygyny ähli şalygyň adamlary bilipdir. Şa gyzy bolsa, bir obanyň çetinde ýeke özi ýaşaýan garryja enäniň ýanyna göçüp barypdyr. Ol enäniň iki sany owadanja guzujygy bar eken. Şa gyzy şol guzujyklaryň ikisini hem gowy gorýän eken. Agşamlaryna guzujyklaryň biri gujagynda, beýlekisi bolsa arkasyna ýaplanyp ýatýan eken. Birnäçe wagt geçensoň, gyzyň bedenindäki sowuklama, agyry-ynjylary aýrylypdyr. Şondan soň şa gyzy saryja goýnuň ýüňüniň özüne derman bolandygyna düşünipdir. Bu bolan wakany eşiden gyzyň enesi goýnuň güýzki gyrkymyndan agtygy üçin, ilki bilen, ýorgan tikipdir. Soňra bolsa keçe edilip başlanypdyr.

Laçyn HANGULYÝEWA,
TDP-niň Gyzylarbat etrap komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar