"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşasyn parahat durmuş

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan: «Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär. Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene – dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi».

«Gelen gelin däl»...

Türkmen halkynda «Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin» diýen ajaýyp pähim bar. Hakykatdan hem, gelin bolup, täze maşgala goşulanyňda, ol öýüň düzgünlerine öwrenişip, abyny-tabyny almak üçin wagt gerek. Kähalatda gaýynlar wagty gyssap, täze gelinden derrew ähli zady bilýän öý bikesini ýasajak bolýarlar. Bu ýagdaý bolsa gaýyn-gelniň arasyndaky düşünişmezlige getirýär. Şu ýerde diňe pähim-paýhasly hereket maşgala abraý, agzybirlik, şatlyk getirer. Goňşymyz Hallygül gelnejäniň üçünji ogly Batyr halaşýan gyzy Täzegüle öýlenmekçi bolanda, ejesi: «Men saňa garyndaşymyzyň gyzyny alyp berjek» diýip, närazy boldy. Batyr öz diýenini tutup, Täzegüle öýlendi. Göräýmäge, biri-birini gowy görýän ýaş juwanlar bagtly durmuşda ýaşabermeli ýalydy. Emma Hallygül gelneje gelen gününden maşgalanyň ody bilen girip, küli bilen çykjak gelniniň edýän öý işlerini, edim-gylymyny kabul etmezlige çalyşdy, sähel zada yrsarady. Täzegül welin, sabyr-kanagada berlip, ýanýoldaşynyň, onuň doganlarynyň, gaýynlarynyň göwnüni tapmak üçin kökenek boldy. Baldyzlaryny daşyna üýşürip, bileje tagam taýýarlady, keşde çekdi, gaýma gaýady. Dünýä inen perzentlerine-de daş-töweregine mähirli bolmagy ündedi. Ynsana mahsus bolan asyllylygy, ile-güne, Watana wepaly bolmagy, özüňden ululara hormat goýup, kiçini sylamagy, ene-atany söýmegi gulaklaryna guýdy. Aýlar, günler geçip, il içinde abraýa mynasyp bolan ogul-gyzlary ýokary bil

Uzak ýaş — ömre dowam

Bu hakykat tüýs Sarygül enä aýdylaýan ýaly bolup dur. Çünki oňa ömrüni bir asyrdan aňry uzaltmak başardypdyr. Doglan senesinden, ýagny 1908-nji ýylyň ýanwar aýyndan hasaplasaň, Sarygül enäniň ýaşy 115-den geçýär. Döwletli ojagyň törüni bezän ene daş-töweregine üýşen agtyk-çowluklaryny sesinden tanap otyr. Şol günem saý-sebäp bilen gelmedik agtyk-çowluklarynyň birki sanysynyň adyny tutup: «Seslerini eşidemok welin, janlary bir sagmyka? Näme üçin gelmeýärler?» diýip sorady. Agtyk gelni Gülruh: «Ene, olar ertir geljekler» diýensoň, ene köşeşdi. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň ýaşaýjysy Sarygül Mätiýewa 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanda, çülpe çaganyň ejesi, döwletli maşgalanyň bikesidi. Ýanýoldaşy Watan goragyna gidensoň, çagalaryň keşigi onuň boýnuna galypdy. Şol döwrüň güzaply, kynçylykly günlerini ýatlanda, Sarygül enäniň gasyn basan gözlerinde ýaş göründi.

Meniň pikirimçe

Ykballar bagtdan ýalkansyn! Durmuş çözmesi kyn bolan juda çylşyrymly meselä çalymdaş. Bu, aýratynam, ýaňy durmuş gurup, maşgala bolýan ýaş gelinler üçin şeýle. Adam başyna düşýän kynçylyklary ýeňip geçmek üçin dünýägaraýyşyny, gözýetimini, düşünjesini giň saklamaly, akyl-paýhasyny çuň tutmaly hem-de örän sabyrly we geçirimli bolmaly. Beýle bolmak, esasan-da, gaýyn-gelin gatnaşygynda zerurdyr. Meniň pikirimçe, gaýynene öz çagalary bilen gelniniň arasynda ýakymly gatnaşygy saklasa, maşgalada hiç hili dawa-jenjelem, goh-galmagalam bolmazmykan diýýän.

Kümüş barada

Orta asyrlarda kümüş alhimikleriň arasynda uly meşhurlyk gazanýar. Soňra bu metal aşhana gap-gaçlaryny, küýzedir teňňeleri öndürmek üçin giňden ulanylyp başlanýar. * * *

Ýaradylyşyň serpaýy

Pederlerimiz maşgalanyň binýadynyň berkden tutulyp, täze maşgalanyň döwletli ojagynda edepli, paýhasly perzentleriň kemala gelmegine aýratyn üns beripdirler. Bu ýolda mähriban eneleriň ogul-gyz ösdürip ýetişdirmekde nusgalyk ýol goýandyklaryny diýsene! «Maşgalam — baş galam», «Gyzly öýe rehnet ýagar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Gyz — gylygy bilen, ogul — edebi bilen» diýen pähimli sözler maşgala edebiniň togaby bolup görünýär. Häzirki wagtda maşgala bilen mekdebiň ýakynlygy esasynda edepli perzendiň, eli hünärli ogul-gyzlaryň kemala gelmeginde bu kadalar has-da kämilleşýär. Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Medeni usulyýet merkezi hereket edýär. Ýörite hünärmenler halkymyzyň ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny öwrenmek, toplamak, wagyz etmek hem-de olary baýlaşdyrmak babatda uly işleri alyp barýarlar. Durmuş gurýan ýaşlar we «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň hünär taýýarlygy okuwlarynyň diňleýjileri bilen guralýan söhbetdeşlikler maşgala gymmatlyklary, edep-terbiýe, däp-dessurlar ýaly derwaýys meselelere bagyşlanýar. Maşgala sagdyn bolanda, jemgyýet ösýär, özgerýär, Watana wepaly perzentler ýetişýär. Durmuş gurýan ýaşlar bilen duşuşyklarda mähriban eneleriň öwüt-ündewlerine, maslahatlaryna giň orun berilýär. Medeni usulyýet merkezimiziň hünärmenleri tarapyndan ýaşlara milli däp-dessurlarymyzyň many-ma

Egin-eşiklere dogry ideg etmegiň nyşanlar arkaly düşündirilişi

Hormatly okyjylar! Biz žurnalymyzyň geçenki sanynda matalara dogry ideg etmek hakyndaky maglumatlar bilen sizi tanyşdyrypdyk. Geliň, indi bolsa, bu sanymyzda egin-eşiklere tikilýän ýörite bellik hatlaryndaky nyşanlaryň düşündirilişini öwreneliň.

Peýdaly maslahatlar

Mele-myssyk çöregiň ysy, baharyň ysy, bäbegiň ysy, atyryň ysy, gülleriň ysy... Bu ýakymly yslar burnumyza uran wagty üýtgeşik lezzet alýarys. Howurpeçden çykarylan gyzgynja kökeleriň, süýjülikleriň ýakymly ysy süýji duýgular bilen garşy alynsa-da, käbir naharlaryň ysy burnuňa ýakman biler. Bişen soganyň, gyzardylan ýeralmanyň, gaýnadylan kelemiň we şuňa meňzeş gök önümleriň ysy bolýar. Şeýle ýagdaýda aşhananyň penjiresini açmak hem-de ys sorujyny iň ýokary derejede işletmek ilkinji görülmeli çärelerdir. Eger ýakymsyz ys öte gelýän bolsa, onda aşhanada islendik önüm gowrulýan wagty tabagyň içine dalçyn taýajyklaryny goýmak ýa-da lawr ýapragyny suwda gaýnatmak ýeterlikdir. Kelem gaýnadylan wagty onuň suwuna az mukdarda süýt goşsaňyz ýa-da tebigy matadan tikilen halta azrak çörek böleklerini salyp, gazana atsaňyz, agyr ysyň aýrylmagyna ýardam eder. Bişen soganyň ysyny aýyrmak üçin bolsa, saçda azrak kofe bölejiklerini gowurmak maslahat berilýär.

Öý bikesi öwrense...

Kömelekli işdäaçar Gerekli önümler: 500 g kömelek, 1-2 sany sogan, 1 nahar çemçe ösümlik ýagy ýa-da zeýtun ýagy, 2 sany pomidor, 1 sany gyzyl ýa-da sary bulgar, duz, burç we gök otlar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Iýun 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Iýun aýynyň birinji ýarymy hamallar öz işleri bilen meşgullanyp, gep-gürrüňden daşda bolmaga çalyşsalar, ähli zat gowy bolar. Aýyň ikinji ýarymy hamallaryň durmuşyna gyzykly tanyşlyklary sowgat berer. Her bir işe akylly-başly we döredijilikli çemeleşmek hamallara üstünlik getirer. Iýun aýynda hamallara işinde täze teklipler aýdylar, gyzykly taslamalar gurşap alar. Wezipe meselesinde üstünliklere ýetmegiňiz siziň öňki çeken zähmetiňiziň ajaýyp netijesidir. Maliýe meselesinde aýyň ahyry şowly bolar. Her bir işe oýlanyşykly çemeleşip, ýagdaýa erk etmäge çalşyň. Maşgala gatnaşyklaryňyzda hem giňgöwünliligi, paýhaslylygy elden bermäň. Arassa howada köpräk gezelenç etmegi ýatdan çykarmaň.

Ömrümiň örki, dünýämiň görki

Her ýyl doglan günüň bellenilýän günleri şol wakany biygtyýar ýatlaýaryn. Ýogsa, ondan bäri ençe ýyllar geçdi. Emma muňa garamazdan, ýyl geçdigisaýy yzda galan günlere, ýakymly ýatlamalara juda köp berilýärin. Şol ýyl hem hemişekileri ýaly, ejem janyň doglan gününe garry öýe üýşenimiz ýaňy ýalydy. Ejem jan şonda didelerini uzaklara dikip, pikire çümüpdi. Ömrümiň örki, dünýämiň görki ejem jan! Mährem hem mähriban dünýäm. Eneleriň şol owadan dünýäsinde diňe söýgi hem hamraklyk höküm sürýär. Ene — maşgala ojagynyň sütüni. «Atanyň sözi hikmet bolsa, enäniň sözi rehmet» diýilýär. Enäniň perzent baradaky aladasy, tükeniksiz söýgüsi hakdaky kyssalar, şygyrlar, rowaýatlar, tymsallar umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynda orun alandyr. Ene hüwdüsiniň ýagty jahandaky ýaşaýşyň baky owazy bolup ýaňlanyp durşy ýaly, eneler hakdaky kyssalar hem soňlanmaýar. Öz janyndan jan berip, ýagty dünýä inderen mähriban käbäm! Çagalyk döwrümi uzak-uzak ýyllarda galdyryp, özüm eje bolsam-da: «Gyzym, sag-aman otyrmyň?!» diýen sesiňi eşidenimde, ömre ajap aýdym bolup siňen şo-ol çagalyk ýyllarymyň ýatlamalaryna berilýän. Ýeke gyz perzent bolanymdanmy, bilmedim, köp zatda maňa maslahat salardyň, käbäm. Ilkinji gyz agtyga ýüzüň düşende begenjiňi diýsene! «Gyzym, saňa taý geldi diýip, agtyjagyňy bagryňa basyp, söýgüläp, meniň gujagyma beripdiň». Ana, şol pursat dünýädäki iň bagtly enediň, käbäm!

Edepli perzent — ata-enäniň buýsanjy

Sowatly, bilimli, terbiýeli nesli ýetişdirmekde häzirki döwürde giň mümkinçilikler döredilendir. Çaganyň irki ýaşdan mekdebe çenli çagalar edaralaryna gatnap terbiýelenmegi, ol ýerdäki döredilýän şertler we mümkinçilikler örän buýsandyryjydyr. Ata-eneler bilen bir hatarda, terbiýeçiniň çaga terbiýesindäki ornunyň uludygy bilim işgärleri üçin mälim ýagdaýdyr. Munuň üçin ýurdumyzda öz işlerine ussat hünärmenler hem taýýarlanylýar. Bala-çagalarymyz üçin döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän orta mekdepler halk üçin, her bir ata-enäniň perzendi üçin iň uly bagt diýsek ýerine düşer. Hawa, perzendiň terbiýesi ene-ata üçin uly jogapkärli meseledir. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ýaş gelinleriň biri çagasyna nähili terbiýe bermelidigi hakda maslahat soramak üçin akyldaryň huzuryna gelipdir. Akyldar oňa: «Çagaňyz näçe ýaşynda?» diýip sorapdyr. Gelin: «Dek düýn kyrk çilesinden çykardyk, ýaňy kyrk gün boldy» diýip, jogap beripdir. Akyldar başyny ýaýkap: «Siz kyrk gün gijä galypsyňyz» diýipdir. Gelin hem muňa ör-gökden gelipdir: «Ýaňy kyrk gün bolan çaga heniz nämä düşünýär? Gaýta, men öňünden aladasyny edeýin diýip durşum» diýipdir. Akyldar oňa: «Her gezek çagaňyz aglanda, siz ony iýmitlendirensiňiz. Şondan hem çaganyň aňynda bir düşünje berkäp galýar: aglasaň, isleýän zadyňy alyp bolýar ekeni» diýýär. Şeýdibem, her gezek ajyganda aglaýar we maksadyna ýetýär. Soň-soňlar

Agzybir maşgala — jemgyýetiň berkligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adam hakda edilýän alada döwrüň hem, döwletiň hem öňünde durýan iň bir möhüm wezipeleriň biridir. 2024-nji ýylyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda kabul edilen kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalar, şonuň ýaly-da, ýurdumyzda öňden hereket edip gelýän kanunlara girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar munuň aýdyň subutnamasy boldy. Hakykatdan hem döwür bilen aýakdaş gadam urup, günsaýyn ösüşleri nazarlaýan türkmen jemgyýetinde hereket edýän kanunlary ösen türkmen jemgyýetine görä kämilleşdirmek döwrüň talabydyr. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» we «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, ýurdumyzda maşgala mukaddesligini has-da berkitmekde, jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde hem-de eneligiň, atalygyň we çagalygyň goraglylygynyň hukuk taýdan üpjünçiligini döwlet tarapyndan kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Maşgala terbiýesinde asylly ýörelgeler

Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir. Türkmen halky nesil terbiýesine uly üns berýär. Milli edebiýatymyzyň gadymy sahypalary halkymyzyň nesil terbiýesine bagyşlanan edebi mirasy bilen ebedileşdirilendir. Ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözler, nakyllar, halkymyzyň durmuşyny, durmuş tejribesini, pelsepesini, dünýägaraýşyny, watançylygyny hem-de ahlak ýörelgelerini, türkmen diliniň söz baýlygyny özünde jemleýän miraslar nesilleri terbiýeleýji söz sungatydyr. Türkmen halk döredijiligi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda adamzat aňynyň synagyndan geçip, biziň günlerimize ýetipdir. Ol ruhy gymmatlyklar halkymyzyň şöhratly taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigat bilen gatnaşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.

Terbiýäniň gözbaşy

Ýaş nesli kemala getirmekde esasy orun zähmet terbiýesine degişlidir. Şonuň üçin çagada zähmete bolan söýgini, zähmete hormat goýmak ýaly duýgulary döretmeli. Çagalarda zähmet çekmek höwesini döretmek üçin olary ahlak taýdan terbiýelemek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Zähmet terbiýesiniň maksatlary bolsa: ● zähmet hakynda umumy düşünjeleri kemala getirmekden;

Gaýtalanmajak mukam

Adamyň kalby onuň içki dünýäsi. Içki dünýäniň hemişe gowulyklardan ylham almagy, gözelliklere guwanyp ýaşamagy, gabat gelýän ejizlikleri ýeňip geçmegi her ynsanyň özüne bagly. Şeýle duýgular bilen ýaşaýan adam daş-töweregini gurşaýan tebigat gözelliklerine guwanyp, olary ajaýyp dünýä öwürmäge ymtylýar. Şu babatda ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy owadan dünýäniň aşygy bolandyklaryny nygtamakçy. Olar gözellikleri nagyşlarda göz öňüne getirip, keşdä salypdyrlar, hala çitipdirler. Belki, şondandyr, olaryň hiç bir çyzgysyz ýerine ýetiren el hünärleri, döredijilik ylhamy kalbymyzda ýüpek tarlaryň gaýtalanmajak mukamy bolup ýaňlanýandyr. Perzendi kemala getirmek, olaryň aňyna türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň özeninde bolan ýagşy gylyk-häsiýetleri, däp-dessurlary siňdirmekden ötri, ene-mamalarymyzyň ajaýyplyklary döretmäge-de mähirlerini, söýgülerini bagyş edendiklerine haýran galýarsyň. Keşdeli dünýä

Ejekemi ýatlap...

«Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýýärler. Ýaşan ömrüňde il-günüňe haýyrly iş etseň, adyň dillerde dessan bolýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Janahyr obasynda eneden doglan Alma Çeperalyýewany hem ýakynlary, obadaşlary ýagşylykda ýatlaýarlar. Bu zenan kakamyň aýal dogany, biziň ejekemiz. Ol barada ulularyň gürrüň beren ýakymly ýatlamalaryny «Zenan kalby» žurnalynyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildim. Sebäbi onuň durmuş we zähmet ýolunda zenanlara nusgalyk işler kän. Alma ejekemiň adamsy Gazakbaý aga, kakasy Çeperaly aga 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanda ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gidýärler. Watan üçin, il-günüň parahat durmuşy üçin jeň içinde söweşip, şirin janlaryny gurban edýärler. Durmuşyň agyr labyry Alma ejekemiň gerdenine düşýär. Ol öz perzendi bolmasa-da, ejesine, jigilerine goltgy berip, ekin meýdanynda arman-ýadaman zähmet çekýär. Gijelerine bolsa obadaşlary bilen front üçin jorapdyr ellik örýär. Alma ejekem dogumlylygy, işjanlylygy bilen il arasynda tapawutlanypdyr. Ol şol ýyllarda Gyzylarbat şäherindäki orta okuw mekdebiň agşamky bölüminde okap, ýörite orta bilim alýar. Zähmetsöýerligini, belent adamkärçilik sypatlaryny göz öňünde tutup, oba adamlary ony Janahyr oba geňeşliginiň ilki orunbasary, soňra başlygy wezipelerine saýlaýarlar. Ejekem soňra birnäçe ýyllap obadaky çagalar bagynda müdir, terbiýeçi bolup işleýär. Bar mä

Arzymanym, käbäm ejem

Ir säherden kalbyma pürepürlenen keýpiçaglygymyň ýorgudyny baharyň hoştap howasyndan gözläp, äpişgäni açdym. Gijeki ýaz ýagşyndan soň öňküden-de tämizlenen howadan uludan dem aldym. Bu bahar meniň üçin üýtgeşik geldi. Çünki men bu ýylyň baharyny alys ýurtdan görme-görşe gelen ejem jan bilen garşy aldym. Arzyly öýümiň törüni bezäp, gymmatly nesihatlaryny berip oturan ejem miweli agaçlaryň gül açyp, pyntyk ýaran uçurlary birden öýüne gaýdarman boldy. Sebäbini biljek bolup soragly nazarymy dikenimde bolsa, ol: «Wah, gyzym jan, agalaryň, ýeňňeleriň zol jaň edip durlar-a. Agtyklarymyň göresi gelipdir. Giýew ýol peteginiň ugruna çyksa gowy bolardy» diýdi. Ejem janyň äpişgeden daşaryk bakyp, ak patrak bolup gül açan miweli baglary synlaýan nazary welin, başga zat diýýärdi. Onuň öz eken baglarynyň gül açanyny göresi gelýärdi. Bu baharda hem täze nahallary oturdyp, olaryň üstüni dolmagyň höwesindedi. Otursa-tursa, miweli baglary barada gürrüň ederdi. Daşarda gül açan baglary görüb-ä, «Üljeleriň, erikleriň bary gülländir. Häk, şu narlaryň üstüni basyraýmadyk, sowuk urmadyk bolsa-da bir ýagşy» diýip, zol gaýtalady durdy. Towuklaryny, mal-garasyny dilinden düşürmedi. Garry öýe üýşülende toý mähellesini ýada salýan agtyklaryny ýekän-ýekän ýatlanda, öýüni küýseýäni has aýdyň duýlardy. Gyzynyň öýünde özüni myhman saýýan ejem jan! Ýüregime keýpiçaglyk, durmuşyma süýjülik, ýoluma ýagtylyk çaýý

Mährem dünýä

Türkmen zenanlarynyň söýgüli neşiri bolan «Zenan kalby» žurnalynyň her sanyny elime alanymda, ilki bilen, mähriban käbeler hakynda ýazylan makalalary okap çykýaryn. Mukaddeslige deňelýän eneler barada ýazylanlary okamak ýakymly. Olary okanymda, ejem jany ýatlaýaryn. Ejem jan zehinli, işeňňir, çeper elli, mylaýym, arassaçyl zenandy. Zehinli diýmegimiň sebäbi türkmen halk döredijiliginden eserleriň köpüsini, esasan-da, dessanlary gürrüň bererdi. Çagalykda köp gezek diňlänimdenmi ýa-da käbämiň sada dilde düşnükli edip aýdyp berenindenmi, şol dessanlar daşa ýazylan ýaly bolup, aňymda baky galypdyr. Ol döwürler suwy guýudan çekip içerdik. Ejem bize suwuň her damjasynyň tygşytly ulanylmalydygyny aýdardy.

Hoşboý ysly atyrlar hakda...

Eger-de biz geýýän eşiklerimizi möwsüme görä üýtgedýän bolsak, sepinýän atyrlarymyzy hem üýtgetmeli. Ýazda güller açylyp, anbar yslarynyň ýaýraýşy ýaly, ulanýan atyrlarymyzyň ysy hem mylaýym, ýakymly bolmalydyr. Möwsümleriň üýtgäp durmagynyň duýgularymyza täsir edişi ýaly, sepinýän atyrlarymyzyň üsti bilen biziň hem daş-töweregimize berýän energiýamyzyň täsiri artýar. Esasan hem, ýaz aýlarynda tebigatyň janlanmagy bilen täze duýgulara beslenýäris. Tebigatyň ajaýyp ysy deýin, ulanýan atyrlarymyz bizde-de tebigy taýdan ýakymly ys döredýär. * * *