Ömrümiň örki, dünýämiň görki

6 Maý 2024
746

Her ýyl doglan günüň bellenilýän günleri şol wakany biygtyýar ýatlaýaryn. Ýogsa, ondan bäri ençe ýyllar geçdi. Emma muňa garamazdan, ýyl geçdigisaýy yzda galan günlere, ýakymly ýatlamalara juda köp berilýärin. Şol ýyl hem hemişekileri ýaly, ejem janyň doglan gününe garry öýe üýşenimiz ýaňy ýalydy. Ejem jan şonda didelerini uzaklara dikip, pikire çümüpdi. Ömrümiň örki, dünýämiň görki ejem jan! Mährem hem mähriban dünýäm. Eneleriň şol owadan dünýäsinde diňe söýgi hem hamraklyk höküm sürýär. Ene — maşgala ojagynyň sütüni. «Atanyň sözi hikmet bolsa, enäniň sözi rehmet» diýilýär.

Enäniň perzent baradaky aladasy, tükeniksiz söýgüsi hakdaky kyssalar, şygyrlar, rowaýatlar, tymsallar umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynda orun alandyr. Ene hüwdüsiniň ýagty jahandaky ýaşaýşyň baky owazy bolup ýaňlanyp durşy ýaly, eneler hakdaky kyssalar hem soňlanmaýar. Öz janyndan jan berip, ýagty dünýä inderen mähriban käbäm! Çagalyk döwrümi uzak-uzak ýyllarda galdyryp, özüm eje bolsam-da: «Gyzym, sag-aman otyrmyň?!» diýen sesiňi eşidenimde, ömre ajap aýdym bolup siňen şo-ol çagalyk ýyllarymyň ýatlamalaryna berilýän. Ýeke gyz perzent bolanymdanmy, bilmedim, köp zatda maňa maslahat salardyň, käbäm. Ilkinji gyz agtyga ýüzüň düşende begenjiňi diýsene! «Gyzym, saňa taý geldi diýip, agtyjagyňy bagryňa basyp, söýgüläp, meniň gujagyma beripdiň». Ana, şol pursat dünýädäki iň bagtly enediň, käbäm!

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar