Ejekemi ýatlap...

19 Aprel 2024
749

«Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýýärler. Ýaşan ömrüňde il-günüňe haýyrly iş etseň, adyň dillerde dessan bolýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Janahyr obasynda eneden doglan Alma Çeperalyýewany hem ýakynlary, obadaşlary ýagşylykda ýatlaýarlar. Bu zenan kakamyň aýal dogany, biziň ejekemiz. Ol barada ulularyň gürrüň beren ýakymly ýatlamalaryny «Zenan kalby» žurnalynyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildim. Sebäbi onuň durmuş we zähmet ýolunda zenanlara nusgalyk işler kän.

Alma ejekemiň adamsy Gazakbaý aga, kakasy Çeperaly aga 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy başlanda ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gidýärler. Watan üçin, il-günüň parahat durmuşy üçin jeň içinde söweşip, şirin janlaryny gurban edýärler. Durmuşyň agyr labyry Alma ejekemiň gerdenine düşýär. Ol öz perzendi bolmasa-da, ejesine, jigilerine goltgy berip, ekin meýdanynda arman-ýadaman zähmet çekýär. Gijelerine bolsa obadaşlary bilen front üçin jorapdyr ellik örýär. Alma ejekem dogumlylygy, işjanlylygy bilen il arasynda tapawutlanypdyr. Ol şol ýyllarda Gyzylarbat şäherindäki orta okuw mekdebiň agşamky bölüminde okap, ýörite orta bilim alýar. Zähmetsöýerligini, belent adamkärçilik sypatlaryny göz öňünde tutup, oba adamlary ony Janahyr oba geňeşliginiň ilki orunbasary, soňra başlygy wezipelerine saýlaýarlar. Ejekem soňra birnäçe ýyllap obadaky çagalar bagynda müdir, terbiýeçi bolup işleýär. Bar mährini, yhlasyny obanyň çagalaryna bagyşlaýar.

Gözel ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar