«Gelen gelin däl»...

8 Maý 2024
1230

Türkmen halkynda «Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin» diýen ajaýyp pähim bar. Hakykatdan hem, gelin bolup, täze maşgala goşulanyňda, ol öýüň düzgünlerine öwrenişip, abyny-tabyny almak üçin wagt gerek. Kähalatda gaýynlar wagty gyssap, täze gelinden derrew ähli zady bilýän öý bikesini ýasajak bolýarlar. Bu ýagdaý bolsa gaýyn-gelniň arasyndaky düşünişmezlige getirýär. Şu ýerde diňe pähim-paýhasly hereket maşgala abraý, agzybirlik, şatlyk getirer.

Goňşymyz Hallygül gelnejäniň üçünji ogly Batyr halaşýan gyzy Täzegüle öýlenmekçi bolanda, ejesi: «Men saňa garyndaşymyzyň gyzyny alyp berjek» diýip, närazy boldy. Batyr öz diýenini tutup, Täzegüle öýlendi. Göräýmäge, biri-birini gowy görýän ýaş juwanlar bagtly durmuşda ýaşabermeli ýalydy. Emma Hallygül gelneje gelen gününden maşgalanyň ody bilen girip, küli bilen çykjak gelniniň edýän öý işlerini, edim-gylymyny kabul etmezlige çalyşdy, sähel zada yrsarady. Täzegül welin, sabyr-kanagada berlip, ýanýoldaşynyň, onuň doganlarynyň, gaýynlarynyň göwnüni tapmak üçin kökenek boldy. Baldyzlaryny daşyna üýşürip, bileje tagam taýýarlady, keşde çekdi, gaýma gaýady. Dünýä inen perzentlerine-de daş-töweregine mähirli bolmagy ündedi. Ynsana mahsus bolan asyllylygy, ile-güne, Watana wepaly bolmagy, özüňden ululara hormat goýup, kiçini sylamagy, ene-atany söýmegi gulaklaryna guýdy. Aýlar, günler geçip, il içinde abraýa mynasyp bolan ogul-gyzlary ýokary bilim alyp, hersi bir hünäriň eýesi boldy. Olar diňe Hallygül gelnejäniň däl, döwletli maşgalanyň göz-guwanjy boldular. Täzegül gelin bolsa il-halkyň hormatlaýan gelni boldy.

Güljan AÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar