"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen maşgalasy - edebiň hem terbiýäniň öýi

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrla

Gyz edebi — il edebi

Milletimiziň milli ýörelgesi Türkmen halkynyň nesil terbiýesine garaýşy barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähimi seriňde aýlanýar. Ýagşy arzuw-umytlar, doga-dilegler bilen perzendi kemala getirmek, ony Watana, il-güne peýdaly adam edip ýetişdirmek türkmeniň ata-baba ýörelgesidir. Çagalykdan öwrenilen her bir zat adamyň kalbynda uzak wagtlap ýaşaýar. Şonuň üçinem «Çagakaň öwrenen zadyň daşa ýazylan ýaly» diýilýändir. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy döwletimiziň binýadynyň berkligini kepillendirýän esasy şertdir. Çaganyň ähli taraplaýyn sagdyn ösmegi üçin bolsa, döwletimizde uly aladalar edilýär.

Ejemden çörek gelipdir

Ol gün ejem örän bagtyýardy. Agamyň ýokary okuw mekdebine girip, talyplyga kabul edilendigi baradaky buşluk habary bilen öýe dolanmagy ejemiň başyny göge ýetirdi. Onuň kalbynda möwç urýan şatlyk şuglasyny uçganaklaýan gözlerinde görmek bolýardy. Ejemiň töweregi işdä açyjy ysy bilen gurşap alan etli çöregini ählimiz bir saçagyň başyna üýşüp iýenimizden soň, agamyň alyp gitmeli goşlaryny taýýarlamaga girişdik. Ertir paýtagta gitmelidigini eşiden ejem kendirigini taýýarlap, çörek bişirmegiň ugruna çykdy. Ol süýt garylan hamyryna özüniň mähirini, arzuw-umytlaryny siňdirýän deýin, şeýlebir yhlasly hamyr ýugurdy. Soňra ejem tamdyrdan täzeje çykaran gyzgyn çöreklerini saçagyň üstüne ýazyp sowatdy-da, doganyma çörekleri hemişe saçaga dolap goýmalydygyny tabşyrdy. Şonda men perwaýsyzlyk bilen: «Wi-iý, ejemi, şunça çöregi ýük edip alyp gitmek hökmanmy?! Aşgabatda dükan doly çörek ahyry» diýip goýberenimi bilmän galdym. «Ejeň çöreginiň agramy bolmaz, gyzym» diýende sesiniň biraz ünjüli, öýkeli eşidilmeginiň sebäbine has soň, özüm talyp bolanymda düşündim.

Ene süýdi — melhemler hazynasy

Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde sentýabr aýynyň başynda ene süýdüniň milli hepdeligi mynasybetli çäreleriň birnäçesi geçirildi. Olarda merkeziň tejribeli lukmanlary ene süýdüniň ähmiýeti barada täsirli gürrüňleri we maslahatlary berdiler. Enäniň we çaganyň saglygy babatda bu möhüm işe ýurdumyzda milli hepdelik derejesinde ähmiýet berilmegi özüniň oňyn netijesini hem berdi. Şu makalamyzda hem ene süýdüniň ähmiýeti dogrusynda söz açmagy makul bildik. Ýaş nesliň saglygy, ilkinji nobatda, enäniň saglygyna bagly bolýar. Şoňa görä-de ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak barada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde giň möçberli işler alnyp barylýar.

Maşgalam — baş galam

«Maşgalam — baş galam» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Sebäbi döwlet maşgaladan başlanýar. Maşgala kiçi döwletdir. Maşgalada milli düşünjäniň, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, edep-terbiýäniň düýbi tutulýar. Maşgala ojagynyň abatlygy, synmazlygy, bagtyýarlygy bereketli ojaklaryň ýaraşygy bolan mährem gyz-gelinlere baglydyr. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyzda ynsan beýikligine mahsus bolan mähirlilik, wepalylyk, sypaýylyk, hossarlyk göreldesini dowam etdiriji zenan maşgala edep-ekramyň egsilmez gözbaşy, dünýäniň görki saýylýar. Şu ýerde ata-babalarymyzdan bize miras galan birnäçe dana pähimleri mysal getirmek bolar: «Gyz edebi — il edebi», «Gelin ojaga çeker», «Akylly gelin öý diker», «Öýi öý edýän aýal», «Gelniň geldi-geldisi, ogluň boldy-boldusy», «Maşgala — aýaldan başlanýar», «Är — öýüň goragy, aýal — öýüň diregi», «Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin öýi», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de biýzini» we başga-da birnäçe maşgala babatynda çuň ruhy ahlaklylyga eýlenen paýhasly pähimler dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelýär. Terbiýe maşgaladan başlanýar. Perzendiň ýaş wagty ene-atasyndan alan terbiýesi, oňa baky hemra bolýar. Aşa gowy görmek bilen, zähmete bişirilmän ýetişdirilen perzent, diňe barlygyň nämedigini bilýän, emma ýoklugy dadyp görmedik hem-de ony düýbünden kabul edip bilmeýän, ýagny inkär edýän uýgunlaşma, ejizlik, çydamsyzlyk, oňşuksyzlyk ýaly häsi

Mil­li ter­bi­ýä­niň asylly ýörelgesi

Ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­jak ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu maksat bilen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry netijesinde bi­lim­li, ter­bi­ýe­li, aň-dü­şün­je­li, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­ üçin üs­tün­lik­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Sag­dyn pi­kir­li her bir ýaş nes­liň jem­gy­ýe­te go­şul­ma­gy üçin, il­kin­ji no­bat­da, olar­da kä­mil­li­ge ym­ty­ly­şy, üs­tün­li­ge elt­ýän dog­ry ýo­ly, ha­lal­ly­gy we päk­li­gi ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm­dir. Has dog­ru­sy, ol maş­ga­la­da ça­ga­nyň dün­ýä inen gü­nün­den baş­lan­ma­ly­dyr. Ça­ga ter­bi­ýe­sin­de ata-enä­niň or­ny uly bo­lup, il­ki ola­ryň öz­le­ri per­zen­di­ne gö­rel­de bol­ma­ly­dyr. Şo­nuň üçin her bir ata-ene şu me­se­lä çyn­la­kaý çe­me­leş­me­li­dir we per­zent­le­rin­de jo­gap­kär­çi­li­gi, dog­ru­çyl­ly­gy we ah­lak aras­sa­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­me­li­dir.

«Mähriban maşgalam - döwletli ojagym»

Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrlarboýy türkmen halky maşgalany keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynyň berkemeginde, ata-babalarymyzdan arkama-arka gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, ynançlarymyzy dowam etdirmegimizde maşgala agzalarynyň her biriniň uly orny bar. Hut şu mukaddes düşünjeler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahatyň özenini düzdi. Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen «Mähriban maşgalam - döwletli ojagym» diýlip atlandyrylan çärä bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler maşgala mukaddesligi, zenan terbiýesi, ahlaklylyk, edeplilik hem-de millilik dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneler ýaşlara öwüt-ündew berdiler. Şeýle-de, maslahat bilen bir hatarda bu ýerde zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.

Mekdebe äkidýän ýol

(oçerk) Eger-de onuň mekdebe gatnan ýolunyň uzynlygyny ölçeseň, doglan obasyna bir-ä däl, iki gezek pyýadalap gidip-gelençe bolardy. Hawa, mundan tas 75 ýyl ozal joşly Jeýhunyň kenaryndaky Çohpetde obasynda doglup, Pelwert obasynda bilim-terbiýe alan gyz nesibe-nika çekip, has uzakda — gadymy Bedirkendiň eteginde öý-ojak boljagyny näbilsin?!

Sen barkaň, ýürekde orun ýok gama...

Ene. Bu mähriban ynsan hakda söz açylanda, ilki bilen, mukaddes Käbe hakydaňa gelýär. Halkymyz taryhyň ähli döwründe-de enäni keramat derejesine göteripdir, olara tagzym edipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda näçe diýseň mysal bar. Onda şeýle diýilýär: «Türkmen halkynda «ata — Kybla», «ene — Käbe» diýilýär. Olar din-imanyňa, messebiňe, ynamyňa deňelýär. Ondan aňyrda bolsa, hiç zat ýokdur». Gahryman Arkadagymyzyň köküni gözbaşlardan alýan bu pikiri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Kaýda sen?» atly goşgusynda hem duş gelýär. Bu goşgy tutuşlygyna enä bagyşlanypdyr. Onda Pyragy «Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym kaýda sen?» diýmek bilen, öz enesini mukaddes ýerler bolan Mekge-Medinä deňeýär. Enäniň mukaddeslige, keramata deňelmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi enäniň bar ýerinde rahatlyk bar, tämizlik bar, dokluk bar. Has dogrusy, adamzat dowamaty dowam edýär. Eneleriň barlygynda ynsan balasy dünýä inip, özüniň kimdigine, nämä ukyplydygyna, akyl-paýhas mümkinçiliginiň juda giňdigine göz ýetirýär. Ýaşaýşyň düýp manysyna düşünýär. Çünki bilimiň, edep-terbiýäniň ilkinji binýady ene göwresinden başlanyp, onuň barlygynda kämilleşýär.

Ejeňize til kakyň!

Gije sagat 12 bolmaga bäş-alty minut galanda SMS geldi: «Häzir sagat 12 bolar welin, ejeňe jaň et-de, doglan güni bilen gutla, aglap otyr!». Bu habaryň maňa ýalňyşlyk bilen ugradylandygyna meniň bada-bat akylym çatdy. Çatsa-da çatdy welin, bu habaryň döreden pikirlerinden ýaňa kelläm çatlap ýarylara geldi. Telefon belgisindäki haýsydyr bir sanyň ýalňyş ýazylanlygy sebäpli, ýalňyş salga baryp gowşan habar, göýä diýersiň, näbelli bir güýç tarapyndan iňňän dogry salga ýollanan ýaly boldy. Eger-de bu habar häzir ähli adamzada ýollanan bolsa, gör, nähili oňat bolardy! Eneler begençden ýaňa uçaýjak bolardy. Ençeme eneler bolsa… Ýok, bakyýa göç eýlän eneleriň ruhy bolsa şat bolardy. Men bu habar ähli adamzada ýollanan bolanda, juda gowy boljaklygy hakynda oýlanyp, hyýala çümüp oturmakdan peýda bolmajagyna magat gözüm ýetensoň: «Ýeri, bu hyýalyň hakykata aýlanmagy üçin sen näme etdiň?» diýip, özüme sowal berdim. «Belki, seniň hem bu habary birnäçe, has dogrusy, ençeme adama ýetirip biljekligiň üçin ol hut saňa gelendir» diýip, içimden bir ses — özüm özüme jogap gaýtardy. Derrew galama ýapyşdym. Ýok, bu leji çykan, edebiýatda köp gaýtalanan pikir bolansoň, menem ulanaýdym, kompýuterimi açdym-da, ýazmaga başladym… Ejeňize til kakyň! Doglan güni bolsa, ony doglan güni bilen gutlaň. Sebäbi şol gün bolmadyk bolsa, onda sizem bolmazdyňyz. Onuň halyndan habar alyň. Agzyňyzdan süýt ysy gitmed

Seniň bilen törüm doly, supram giň

Ogul öýerip, gyz çykarmak her bir ene-atanyň köňül arzuwy. Halkymyz döwletiň başy, nesil dowamaty hökmünde ogul öýermäge aýratyn ähmiýet berýär. Ogluň juwan ýaşa ýetenden, gözüň, gulagyň şondadyr. Her bir hereketinden many gözlärsiň, dilinden bir sahypjemalyň adyny eşitmek islärsiň. Ýelden-günden gorap kemala getiren ogluňy taýly etmek aladasy bilen gijelerine çirim etmän, daňyňy atyran günleriň az bolmaz. Süýji aladalar seni ilki syrgynyň, soňra obanyň bir çetinden elter. Ogluň bilen deň-duş gyzly öýleriň gabadynda «saklanyp», olaryň içinden saýlap-seçip, iň akyllysyny, asyllysyny, il arasynda işeňňir, eli çeper diýlip tanalýanyny törüňe geçirmegiň arzuwynda bolarsyň. Onda-da, ogluň dil ýarmazdan, ýürek matlabyňy aýdyp bilmersiň. Eneli-ogluň köňül islegi şol bir gözelde bolsa-ha, «aşygyň alçy gopdy» biläý. Begenjiňden ganat baglarsyň. «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýýän halkymyz toý sähedini il-güne geňeşip alýar. Ana, onsoň sähetli gün agzybir maşgalaňa dähedem-dessemläp, gyzyl çog kürteli gelin geler. Ak bagt, ýag ýaly akgynly durmuşy arzuwlap, «Bismilla» diýip, täze gelniň sag elini saryýaga, sol elini bugdaý una üç gezek batyrarsyň-da, döwletli öýüň töründen orun berersiň. Nesliň dowamat-dowam bolmagyny arzuwlap, täze gelniň gujagyna çaga berersiň. Şol pursat törüň dolup, supraň giňän ýaly bolar. Dogan-garyndaşlaryňy, goňşy-golam, dost-ýar, tutuş obany çagyry

Öý-ojak bilen bagly

● Ynsanyň özüni iň rahat duýýan ýeri öýüdir. Öýüň agzybirligi, abadanlygy, arassalygy ýaşaýşymyza we saglygymyza oňat täsir edýär. Öýde arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi saglyk üçin ilkinji zerurlyklaryň biri. Şonuň üçin öýde zyýanly wiruslara we bakteriýalara garşy zyýansyzlandyryş işlerini wagtly-wagtynda geçirip durmaly. ● Otaglar we öý goşlary arassalananda, sabynly çyg esgini ulanmak maslahat berilýär. Esasan hem, gapy tutawaçlary, tok düwmeleri, aşhanadaky esbaplar, gulplar, stollar, hajathana we hammam ýaly, öýüň içinde köp ulanylýan we galtaşylýan ýerleri yzygiderli arassalap durmak has wajypdyr.

Öý bikesi öwrense...

Buglama Gerekli önümler:

Edep — altyn, terbiýe — hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby neşir edilip, halka ýaýran gününden bäri elimizden düşmän gelýär. Kitapda Gahryman Arkadagymyz öz käbesi Ogulabat ejäniň mysalynda enäniň perzent terbiýesindäki ornunyň uludygy, çagalarynyň aladasyny edip, olara söýgi, mähir siňdirip ulaldýandygy barada gürrüň berýär. Kitabyň: «Maşgalada zenan öý-ojagyň gelşigi, söýesi hasaplanýar. «Çagalarynyň enesiniň» öýdedigine göz ýetiren öý eýesi hemişe arkaýyn bolýar. Çünki perzentleri üçin ganatyny gerýän mähriban ynsan öýde, ol ogul-gyzyny ünsdür mähir bilen gurşaýar. Şol mähribanlygy duýup kemala gelen çagalaryň sypaýy, rehimdar, işeňňir, adalatly, merdana bolup kemala gelýändigi hakyndaky täsin maglumatlar özüne çekýär» diýen sözleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Edep bilen bagt tapylar

Ze­nan maş­ga­lanyň gö­zel­li­gi onuň akyl-paý­ha­syn­da, edep-ek­ra­myn­da, ah­lak aras­sa­ly­gyn­da we ha­lal zäh­me­tin­de jemlenýär. Şeý­le gö­zel­li­giň aka­ba­sy bol­sa as­ly­ha­lal ene­le­ri­miz­den gaýd­ýar. Ene­le­ri­niň gö­rüm-gö­rel­de­si­ni, edep-ter­bi­ýe­si­ni özü­ne hem­ra edi­nen ze­nan­la­ry, ge­lin-gyz­la­ry gö­re­niň­de gö­züň do­kun­ýar. «Gyz ede­bi — il ede­bi» di­ýlip, ýö­ne ýe­re aý­dyl­ma­ýar. Onuň aň­yr­syn­da çuň ma­ny-maz­mun bar. Ze­nan maş­ga­la edep­li bo­lan­da, onuň ýe­tiş­di­ren per­zen­di-de il için­de at-ab­ra­ýa eýe bol­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz: «Ene bir mek­dep­dir, eger ol per­zen­di­ne oňat ter­bi­ýe be­rip bil­se, go­wy halk taý­ýar­la­dy­gy bol­ýan­dyr» di­ýip­dir­ler. Maş­ga­la­nyň bin­ýa­dy­nyň berk­li­gi, mi­ze­mez­li­gi, kä­mil­li­gi, ha­ky­kat­dan hem, enä bag­ly­dyr. Berk bin­ýat­dan çy­kyp ke­ma­la ge­len ogul-gyz bol­sa döw­le­tiň sars­maz di­re­gi we sü­tü­ni­dir. Maş­ga­la­nyň aba­dan­ly­gy we berk­li­gi her bir ene-ata­nyň ar­zu­wy, is­le­gi we mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Ata-ene özü­niň og­lu­nyň ýa-da gy­zy­nyň bagt­ly bolmagyny, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw edip gez­ýär. Olar öz ça­ga­la­ry­nyň akyl­ly-baş­ly, edep­li-ter­bi­ýe­li, il-gü­ne ge­rek­li adam bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin gi­je­si­ni gün­diz edip zäh­met çek­ýärler, ala­da ed­ýärler. Ha­çan-da şol zäh­me­ti ýe­ri­ne dü­şen­de bol­sa, ene-ata­nyň be­gen

Çagany durmuşa ugrukdyrmak

«7/24. tm», № 34 (117), 22.08. 2022 Çaganyň psihologiýasy örän duýgur we ynjyk bolýar. Ol ähli zady, dünýäni, ynsanlary diňe ýagşy tarapdan kabul edýär, hemmeler oňa diňe ýagşy gatnaşykda bolar öýdýär. Şonuň üçin hem entek kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekler bilen iş salşanyňda, örän seresap bolmaly.

Mährem ene yhlasy

Ene — bu her bir adamyň ilkinji aýdýan sözüdir. Her bir adam üçin iň mähriban, gymmatly, mukaddes sözüň enelerden, ýagny ýaşaýyşdan, toprakdan, suwdan, howadan we başga-da köp zatdan gözbaş alýandygy ýöne ýere däldir. Şonuň üçin hem ene söýgüsiniň, ene mukaddesliginiň waspy beýikdir. Ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri dilden düşürmän gelýän tymsallarynyň birine ýüzleneliň: «Bagdat medreseleriniň birinde müderris talyplarynyň üşügini, zehinini, ylym-bilim derejesini barlap görmek isläpdir. Ol talyplaryny ýanyna çagyryp: «Zeminiň bir künjünde jennet topragy bar, şondan bir gysym alyp geliň» diýipdir. Her talyp okan, öwrenen zadyny täzeden gaýtalapdyr, küt-küt kitaplary dörjelemäge başlapdyr. Ençeme ägirtleriň eserlerini hem sahypama-sahypa agtarypdyrlar. Jennet topragynyň nirede ýerleşýändiginiň haýsy kitapda ýazylandygyny bilmek üçin ürç edipdirler. Şol günleriň birinde al-Merwezi lakamly bir şägirdiň müderrisden rugsat alyp, Merwe gidendigini talyplar bilip galýar. Olar öz aralarynda pyşyrdaşyp: «Diýmek, jennet topragy Merwde bolmaly. Öňki alymlaram Merwi jennetiň nusgasyna ýönelige deňän däldirler, şol ýerde bir mukaddes ýer bardyr, ony hem şu ýoldaşymyz bilýändir. Biziň bu zatlary bilmeýşimizi diýsene?!» diýşipdirler. Birnäçe günden soň, al-Merwezi bir gysym topragy müderrisiň öňünde goýupdyr: «Tagsyr, ynha, size jennetden bir gysym toprak getirdim» diýipdir. Müderris hi

Ene — dünýäniň göwheri

Enäniň mähri bişiren tagamy, ýylgyryşy, şirin sözi... garaz, ene bilen baglanyşykly ähli zat seni ruhubelentlige, durmuşa bolan söýgä, arzuwlaryň hem hyýallaryň çäksiz ummanyna, bimöçber belent üstünliklere äkidýär. Şu zatlary görüp, bilip durkaň, neneň, enä keramat diýmejek?! Hawa, dünýäde enäniň eliniň emi, diliniň melhemi bilen bäsleşip biljek hiç zat ýok bolsa gerek. Şonuň üçin-de, ene öz çagasy üçin iň güýçli lukmandyr. Kähalat başyň agyryp, baldyryň syzlanda ejeň ýanyna baryp, onuň gudratly ellerini maňlaýyňa, agyrýan ýeriňe goýsaň, derdiň ýom-ýok bolan ýaly bolaýýar. Şonuň üçin-de, dokuz aý göwresinde göterip, ýüreginden kuwwat beren enäni sen hem oňa perzent hökmünde ýüregiň töründen orun bermäge borçlusyň!

Maşgalam – baş galam

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Amala aşyrylýan bu işleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen ýakynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy mekdebiň mejlisler zalyndaYlymwe bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga halypa bilim işg

Çagalaryň şatlygy egsilmez

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 29-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, beýleki möhüm çäreler bilen bir hatarda, awgust aýynyň 5-ne Esenguly şäherinde «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga beriljekdigini aýdanda, buýsanjymyzyň çägi bolmady. Bu hoş habar kalbymyzy ýakymly ýatlamalardan doldurdy. Esengulynyň etrap merkeziniň çägindäki tarp ýerde dörän bu täsin şäherçäni emele getirýän haly fabrigidir medeniýet merkezi, çagalar bagydyr mekdep, sport toplumydyr bäbekhanasy hem bolan hassahana, etrap häkimliginiň edara jaýydyr etrap elektroaragatnaşyk kärhanasy, ýaşaýyş jaýlarydyr söwda merkezi... Esengulynyň her bir ýaşaýjysynyň buýsanjydyr.