Maşgalam – baş galam

11 Awgust 2022
970

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Amala aşyrylýan bu işleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen ýakynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy mekdebiň mejlisler zalyndaYlymwe bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga halypa bilim işgärleri bilen bir hatarda ýaş çatynjalar hem gatnaşdy.

Beýleki habarlar