(oçerk)
Eger-de onuň mekdebe gatnan ýolunyň uzynlygyny ölçeseň, doglan obasyna bir-ä däl, iki gezek pyýadalap gidip-gelençe bolardy. Hawa, mundan tas 75 ýyl ozal joşly Jeýhunyň kenaryndaky Çohpetde obasynda doglup, Pelwert obasynda bilim-terbiýe alan gyz nesibe-nika çekip, has uzakda — gadymy Bedirkendiň eteginde öý-ojak boljagyny näbilsin?!